Ähli Zadyň Soňy

Tolkun
4 min readFeb 6, 2022

--

Evrything that has a beginning, has an end.

Meşhur Matrix filmindede aýdyşy ýalak “Birzadyñ başlangyjy bar bolsa, hökman onuñ soñy hem bardyr.”

Ýakyn wagta çenli, ýagny takmynan 50, 100 ýyl öñ. Adamzat älemiñ başlangyjynyñ ýada soñunyñ ýokdygyny, ýagny älem üýtgewsiz, duran ýerinde durar, sonsuza çenli barbolar öýtýülýärdi. Soñra älemiñ giñelýänligi, we onuñ giñelmegiñ gitdigiçe çaltlanylýanlygy tapyldy. Ýagny birzat uly bir tizilik bilen ginelyan bolsa, ony yza saratsak, ýuwaşşadan yza alsak onuñ hem başlangyjynyñ bardygyny, bir ýerden gelýändigini, birzatlardan emele gelendigini bilip bilers. We älemiň başlangyjy bar bolsa onda soňy hem ….. bardyr.

Nähili biziň, dost ýarlarymyzyñ, adamlaryñ, haýwanlaryñ, asmanda uçýan guşlaryñ, ýada gülläp ösýän bir agajyñ belli wagt soñ gurajagynyñ, öljeginiñ belli boluşy ýalak, tutuş älemiñ ýyldyzlaryñ, günuñ, aýyñ, ýeriñ hem soñynyñ geljegi, ýagny öljegi, şüphesizdir.

Ilki bilen Ölüm näme?

Sözlükde Ölüm: Ynsan, haýwan ýada haýsydyr bir janlynyň ýaşaýşynyň doly derejede dynmasy, gutarmasy diýip geçýär.

Geliň indi ölüme indi fiziki tarapdan seredeliň. Entropiýa: ýagny ähli zat kadalydan, düzgünlüden düzgünsüze, durnuksyza geçmäge meýillidir. Termodinamikanyň 2 nji kanuny bize şeýle diýýär. Daşardan energiýa, ýylylyk gelmese, bir zat bozulmak zaýalanmak bilen bolýar. Meselem bir nahar dursa bellibir wagt soň zaýalanyp başlaýar. Ondaky ýylylyk ony taşlap gidýär. Bir buz bölegi bellibir wagtdan soň eräp, kadalydan kadasyza geçip başlaýar. Ýada bir maşyn diýeli, maşyny sürmesegem ulanmasagam belli bir wagt soň şol maşyn poslap, zaýalanyp başlaýar. Ýagny hökman bir zadyň kadasyzlygy, durnuksyzlygy artmaly bolýar.

Blogyň Wideo Görnüşi, Tolkun Youtube Kanalyndan

Ähli zat iň sonuňda Termodinamikanyň 2nji kanunyna ýeňik düşýär we ýuwaş ýuwaşdan ölýär.

Indi biz ölümi, energiýanyň, ýylylygyň azalmagy, dynmagy. Bir zadyň sowap başlamagy diýip bilers. Adamlarda hem şeýle bolýar, ýüregi urýan, gany aýlanýan, gyzgynlygy bolan adam. Öleninde ýüregi durup içindäki gyzgynlyk çekilip, sowap ölüp başlaýar. Iň kiçi organizmlerden uly pillere. Kiçi daşlardan gaýalara, daglara. Ýerden, aýa günden planetalara, ýyldyzlardan galaktikalara ähli ýerde ölüm şeýlerak. Älemiň soňy ýada ölümi bolsa biraz üýtgeşik oňa, iň soňda degip geçers.

Ölüm her zatda aýratyn, belli bir wagtda bolýar. Meselem Demirgazyk Amerikada ýaşaýan şu siňekleriň “Mayfly” 24 sagat ömürleri bar. “Miwe Siňegi” diýilýän şul janly bolsa 14 gün ýaşaýar. Drone Ant diýilýän şu garynjalar bolsa 3 hepde, öýde ýaşaýan siňekler 2 aý töweregi, balarylary 8 aý töwerek, Lambord Hamelýonlary 1 ýyl töwerek, Mosquitofish şu balyklar 1 ýarym ýyl, öýde ýaşaýan syçanlar 3 ýyl, towuklar 7 ýyla çenli, itler 10, 15 ýyla çenli, pişikler bolsa takmynan 15, 20 ýyla çenli ýaşap bilýärler.

Indi bolsa bize geldik. Biz bolsa bu dünýäde ortaça 60,70 ýyl ýaşaýarys. Güne takmynan 150 000 adam, Ýyla takmynan 56 milýon adam ölýär.

Bizden soňra Hindistan Pilleri, olar 70 ýyl töwerek ýaşaýar. Pyşbagalar 80 ýyl töwerek, emma suw pyşbagalary 150 -200 ýyla çenli, Bowhead Whale (ýaý kelleli kitler) 200 ýyldan köp, Grinlandiýa kitleri 270 ýyl, Okean Kuahog Klam 500, Gara Koral 4000 ýyl, Glass Sponge 10 000 ýyl töwerek ýaşaýar.

Indi biziň mawy planetamyza geleli, ýere geljekde näme boljagy belli däl emma 1 milýard ýyldan günden gelýän ýagtylyk 10% present köpeler. Munyň netijesinde ýeriň atmosferasy gyzar, okeanlar bugarar we takmynan 4 milýard ýyldan ýerdäki gyzgynlyk şuwagty Weneredanam erbet bolar. Ýerde ýaşalmaz ýalak bolar. Gün bolsa ýene 7,5 milýard ýyldan içinde ýakýan Hydrogen gazy (wodorody), ýagny ýangyjy dynar. Munyň netijesinde birnäçe reaksiýadan soň gün “Gyzyl Äpet” diýilýan ýagdaýa geler we daşy ýere çenli giňäp ýeri ýok eder. Içi bolsa dartyş güýjünden ýaňa içine gysylyp “Ak Göýdük” diýilýän zada öwrüler.

Indi geldik galaktikalara. Galaktikalar birnäçe ýyldyzlardan we gaz üýşmeklerinden durýarlar. Gazlaryň dykylmagy netijesinde ýyldyz emele gelýär. Ýyldyzlaram belli bir wagt ýaşaýar, meselem gün 10 milýard ýyl töwerek ýaşaýar. Ondan soň ölýär. Munyň netijesinde galaktikalar hem ýyldyzlaryň ýok bolmagy netijesinde ýok bolarlar diýen karara gelip bilers.

Indi geldik iň esasy ýere. Älemiň soňy

Älemiň soňy barada esasy birnäçe teoriýalar bar. Olardan iň esasy bolsa “Big Freeze” ýada “Äpet Doňaklyk”.

Başda hem aýdyşymyz ýalak biziň älemimiz çalt çaltdan giňelmege dowam edýär. Älem näçe giňeldikçe içindäki maddalar hem şonça biri birinden uzaklaşýarlar. Galaktikalar, ýyldyzlar, planetalar biri birinden uzaklaşarlar. Indi ähli zat biri birinden daşlaşýanlygy sebäpli ýyldyzlardan gelýän ýagtlyklar juda soluklaşar, ýiter. Gazlaryň üýşmeginiň netijesinde emele gelýän, bizi ýyladýan ýyldyzlar bolsa indi älemiň giňelmeginiň netijesinde emele gelip bilmezler. Indi asmana seredenimizde şöhle saçýan, bize ýylylyk berýän ýyldyzlar görünmezler, ýok bolarlar. We älemem ýuwaş, ýuwaşdan tümlüge gömülmäge, sowamaga, doňmaga başlar. Içinde hiç-hili gyzgynlyk galmajak derejede sowar we gelip absolýut nol diýilýän ýagny bir zadyň sowap biljek iň pes derejesine — 273 gradusa ýeter. Elektronlar aýlanmagyny goýarlar, we ähli zady emele getirýän atomlar ýuwaş ýuwaşdan dargamaga başlar. Indi älemimizem biz adamlar ýaly ýuwaş ýuwaşdan sowap, ölüp, dargap başlar.

Älem şuwagt iň gowy wagtynda, biz onuň iň ajaýyp halyna syn edýäris. Ähli soňradan emele gelen, bir başlangyjy bolan zatlar ýalak biziň älemimiziň hem soňynyň geljegi şübhesizdir. Emma beý diýsek umytsyzlyga düşmeli däl. Intäk oňa çenli juda kän wagt bar. Esasy zat şuwagt. Düýn geçdi ony üýtgedip bilmeris, ertirem näbelli ol gelmäkan hiç zat edip bilmeris. Emma şuwagdy üýtgedip bileris. Şuwagt elimizdäki iň uly baýlyk bolsa wagtdyr. Geliň ol baýlygy, dynmaka, iň gowy ýagdaýda sarp edeliň.

Çeşmeler:

https://a-z-animals.com/blog/the-top-nine-animals-with-the-shortest-lifespan/

https://www.youtube.com/watch?v=_NN_hNEPdTM

https://youtu.be/itpLU7OzNV8

--

--

Tolkun

Bu ýerde “Tolkun” Youtube kanalynda paýlaşylýan wideolaryň tekstlerini tapyp bileriniňiz.