Wagt Näme? Wagty Duruzyp Bolýarmy? Albert Eýnşteýn we onuň Şahsy Göräliligi.

Tolkun
8 min readMay 20, 2022

--

Ilki bilen wideonyň adyndan hem görşüňiz ýalak, soragyň jogaby belli bir derejede HAWA. Wagty akmajak derejede ýuwaş gidirip ýada duzuryp bolýar. We şeýle ýerler şuwagt hem bar. “Inim adam oýnama, biderek gürrüň etmesene” diýýän bolup bilersiňiz. Eger şeýle diýýän bolsaňyz wideony ünsli we doly görmegiňizi maslahat berýän. Eger şeýtseňiz wideonyň soňunda hak berersiňiz diýip umyt edýän. Geliň onda ilki wagt bilen başlalyň!

Wagt näme?

Nirede başlady?

Nirede dynar?

Äpet Partlamdan öň wagt barmydy? Ýada wagtyň soňy bolarmy?

Gün Sistemamyz ömrüni dolduranda, biz ýok bolanymyzdan soňra wagt bolarmy?

Wagt hemmämizden ýada bir ýerden garaşsyz, düz bir çyzgy şekilde, diňe öňe akyp gidýän bir zatmy? Wagt dünýädede ýada başga bir ýerlerdede meselem Günüň ýada Gara girdaplaryň ýanyndada deň geçýärmi?

Klasyky fizikanyň atalary bolan Galileo we Nýutona görä şeýle.

Hawa, olara görä wagt üýgtemez we hemişelikdir. Ähli zatdan garaşsyz, her kime deň akyp soňsuza çenli gidýändir.

Esasanam wagt diýilende hemme kişiň ýadyna Nýuton düşer.

Emma

Bern şäherindäki bir patent ofisinde işleýän bir ýaş ýigit bardy. We gündeligine bir gün näme ýazypdy bilýäňizmi?

“Nýuton, gynansakda ..”

Nýuton, Dekart, Galileýo, Makswel we ýene birnäçe alymlar.

Taryhy üýtgeden onlarçe beýik alymlar.

Ählisine üýşürip baryna birden sapak berýädi diýsek bolar.

“Ýaşulylar gynanýan,

Emma bu işler beýle däl” diýýärdi biziň ýaş ýigidimiz Alber Eýnşteýn.

Ýaş wagty şulary aýdan biri:

“ Meniň onuň ýada munyň bilen işim ýok, Men Taňrynyň pikirlerini bilesim gelýär.”diýýärdi.

Onuň eden işleriniň hatdy hasaby ýok. Intäk öňümizde bu işlere kän degip geçers.

Geliň bugun “Wagt” barada gepleşeliň.

Wagta düşünmek üçin geliň ilki biraz taryha seredeliň.

“Wagt”diýilýän zadyň ilkinji bolup ylmy tarapdan işlenen ýyllaryna 17-nji asyra gideliň.

Ilki bilen Galileýo wagtyň üstünde kelle döwýär. Soňra Isaak Barow we Isaak Nýutonyň işleri bilen birnäçe asyrlap dowam etjek wagt düşünjesi orta çykýar.

Ýaňy hem aýdyşymyz ýalak, wagt bu alymlar üçin üýtgewsizdi.

Ýagny olaryň kabul eden bu wagt düşünjesinde, wagt älemiň ähli ýerinde deň we üýtgemeýän bir tizlikde akýardy. Wagt ähli zat üçin deň geçýärdi. Nýuton üçin meselem dünýäde bir minut näçe wagtda geçýän bolsa günüň üstünde ýada bir gara girdabyň ýanynda hem bir minut şeýle wagtda geçýärdi.

We Nýuton, hiç zat galmasada älem ýok bolsada wagt hemişelik dowam eder diýýärdi.

Shakespeare näme diýipdi?

“Dünýä bir oýun sahnasy.” We Nýuton üçinem bu sahnada üýtgemeýän ýeke zat bardy. Oda wagtdy.

Dünýäni üýtgeden dartyş güýjini, hereket kanunlaryny ýazan wagtam degmedigi zadydy.

Emma bir problema bardy. Nýutonyň ömrü boýunçä çözüp bilmedigi problema.

“Biziň düşünip bilmeýän bir zadymyz bolmaly, Taňrynyň bir işi bolmaly” diýýän bir problemasy bardy.

Biziň Gün Sistemamyzda ýerleşýän Merkuriý planetasynyň hereketinde bir zatlar tersdi. Nýutonyň kanunlary ähli zady, bir almanyň hereketinden tutda, Ýeriň günüň daşyndan aýlanmagyna çenli ähli zady dogry hasaplap bilýärdi. Emma Merkuriý bu hasaplara gabat gelenokdy. Günüň daşyndan aýlananda her gezek hasaplamalara gabat gelmeýärdi.

“Taňrynyň işi bolmaly” diýýän ýerem ine şutaýy.

Hatda käbir astronawtlar muny düşündirjek bolýan wagty biziň görüp bilmeýänimiz başga bir planeta bolmaly diýýärdiler. Munada Wulkan adyny beripdiler. Diňeje başka bir planetanyň dartyş güýji bilen düşündirip bolardy Merkuriýiň hasaba gabat gelmeýänligini.

Blogyň Wideo Görnüşi

Emma ýokdy.

Näçe gezek seretsegem ýokdy.

Merkuriýiň aýlawynyň ähli kanunlara gabat gelmeýänliginiň bir düşündirişi ýokdy. We biz näçe wagty üýtgewsiz, hemişelik diýip kabul etdigimizçede bir düşündirişi bolmajakdy.

Indi şu ýerde sizden bir haýyşym bar. Juda agyr gelip biler bilýän. Emma wagt barada bilýän ähli zatlaryňyzy ýatdan çykarmagyňyzy isleýän.

Wagtyň nähili geçýändigini, düz bir çyzyk şeklinde akýandygyny, wagtyň hemme kişi üçin deň akýandygyny, wagtyň hemişelikdigini

Ýatdan çykaryň.

Bu düşünjeleri ýatdan çykaryň. Sebäbi Ýalňyş.

Hemmesi Ýalňyş….

Kim diýýär muny?

Ilki bilen Wilhelm Leýbniz diýýär. Oňa görä ilki, soňky we biri-biri bilen deň wagtdaky bolan wakalar bardy. Wagt, bulary diňe aňymyzyň tertipleme ýagny organizowat etme şeklidi.

Soňrada Imanuel Kantam wagta pelsepi tarapdan seredip başkarak zatlar aýtdy.

Emma bu gürrüňleriň soňyny getirjek Albert Eýnşteýndi. Fizikanyň we Eýnşteýniň ajaýyp ýyly bolan 1905-nji ýylda Eýnşteýn Special Relativity ýagny Şahsy Görälilik teoriýasynyň hem içinde boldugy 4 işi paýlaşdy. We soňra 10 ýyldanam köp wagtlap eden işlerinden soňra General Relativity ýagnya Ähliumumy Görälilik diýilýän meşhur Teoriýasyny çap edip taryha adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy. Bular gysga wagta aýdylyp geçiljek zatlar däl. Geliň şuwagt bar ünsümizi WAGTA bereliň.

Wagt näme?

Nýutonyň hem haýrany bolan Aýnştaýnyň kellesinem iň kän bulaşdyrýan soraglaryň biridi bu. Sebäbi Eýşteýn, Maksweliň hem deňlemelerini göreninden soňra indi bir zada dogry düşünýärdi älemde üýtgemeýän ýekeje zat ýagtylygyň tizligidi.

Gaty kyn bolmaz ýalak geliň gysgaça ýagtylyk näme seredeliň. Biziň nädip eştmegimiz üçin ses, ys almagymyz üçinem ys gerekdigi ýalak, görmegimiz üçinem ýagtylyk gerek. Ýagny gulagymyzyň ses bilen işleýişi ýalak gözümizem ýagtylyk bilen işleýär. Meselem siz bir jaýa hiç ýerden hiç ýagtylyk gelmez ýalak edip ýapsaňyz hiç zat görmersiňiz, sebäbi görer ýalak ýagtylyk ýok. Biz töweregimizdäki zatlardan ýagtylygyň serpigmegi netijesinde görüp bilýäs. Nähili sesiň tizligi 343 m/s boluşy ýalak. Ýagtylygyňam bir tizligi bar oda 300 000 000 m/sekunt. Bilýänsiňiz uzakda bir bomba zat ýarylanda sesi belli bir wagt soň gelýändir munyň sebäbi ýagtylyk sesden çalt gelýär. Ýada geçen wideolardada aýdandyrs biz günüň 8 minut öňki halyny görýäs diýip, sebäbi günden ýagtylygyň gelmegi üçin bize 8 minut gerek.

Ine şul ýagtylygyň tizliginiň üýtgeşik taraplary bar. Ýagtylyk nireden seredeniňize, nirede durýanyňyza garamazdan dowamly şol bir tizlikde hereket edýär ýagny tizligi üýtgemeýär.

Şeýle bolsa onda Aýnştaýn üçin Nýutonyň kanunlarynda birzatlaryň üýtgemesi gerekdi. Birzatlar ýalňyşdy.

Geliň bir meselem bilen dowam edeliň. Meselem aýdalyň birden güneşimiz ýok bolsa, nämeler bolardy?

Muňa Nýutonyň kanunlary bilen seretsek boljak zatlar şeýle. Güneşiň ýok bolmagyndan soňra Ýer gönü aýlawyndan çykar we älem boşlugyna dogry hereket edip başlardy.

Gönü

Sebäbi Nýutonyň dartyş güýji kanunlaryna görä, biri birilerini çekýän iki jisim arasynda bir ýüp bar ýalak pikir edip bilersiňiz.

Uly jisim kiçi jisimi tutýan ýalak . Gün ýok bolsa ýere gönü täsir eder ýalak. Her wagt täsir edýän bir güýç.

Emma Eýnşteýne görä bu bolup biljek zat däl. Sebäbi älemde hiç bir zat ýagtylygyň tizliginden çalt gidip bilmeýär. Biziň älemdäki limitdimizdir ýagtylygyň tizligi, onu geçip bolanok. Ýaňy aýdyşymyz ýalak günden çykan ýagtylygyň ýere ýetmegi üçinem 8 minut gerek. Dartyş güýjem edil ýagtylyk tizliginde hereket edýär diýsek, edil şuwagt gün ýok bolsa biz 8 minutlap hiçzat bolmadyk ýalak ýaşap bilers.

Ine şu tapylan zat bilim taryhynyň iň uly wakalarynyň biri.

We geň galdyryjy bolan zat şul, biz Nýutonyň kanunlary bilen ýaşap bilerdik, hiç zat duýmazdygam, sebäbi Nýutyonyň kanunlary töweregimizdäki wakalary 100 de 99 present bilen dogry hasaplap bilipdi. Emma biziň üçin problema bolmaýan ol 1% present Eýnşteýn ýalak adamlar üçin problemady. We ähli zadyň bir düşündirilişi bolmalydy.

Indi Eýnşteýn, bu netijä nädip geldi? Eýnşteýniň meşhur düşünje barlaglaryndan soňra.

Aňynda haýsydyrbir wakany döredip, soňra jogaplar gözläp başlaýardy. 16 ýaşynda aňynda guran bir düşünje barlagynda bir poýuz we iki adam bardy.

Biri poýuzyň içinde beýlekisi bolsa daşardan poýuza seredip dur. Poýuz bolsa gaty uly tizlikde saga tarap hereket edýär. We ine bu poýuzyň arkasynda 100 metr aralyk bilen 2 sany agaç bar diýeliň we bu iki agaja bir wagtda ýyldyrym çakýar diýip aýdalyň.

Aýnştaýna görä, poýuzyň daşynda duran biri üçin bu waka bir wagtda bolup geçer. Iki agajy bir wagtda ýyldyrym çakar.

Emma poýuzyň içinde duran adam üçin ilki sagdaky agaja soňra bolsa beýleki agaja ýyldyrym çakar. Sebäbi poýuz sag tarapa hereket edýär. Sebäbi ýagtylygyň bir tizligi bar oda ortaça 300 000 000 metr/sekunt. Ýagny sagdaky ýyldyrymdan ýagtylyk çepdekä görä ir gelýär. Munyň netijesinde poýuzda duran adama görä ilki sagdaky agaja ýyldyrym çakar soňra beýlekä.

Indi Görälilik biraz manyly gelip başladymy.

Bir waka,

Iki üýtgeşik adam.

Iki üýtgeşik wagt.

Nädip bolýa?

Indi bolsa başka mysal bilen Ýagtylyk tizliginiň nähili üýtgewsizdigini kellämizde oturmana synanşalyň.

Gündelik durmuşymyzda bilişimiz ýalak tizligi özümize görä goşup ýada aýryp hasaplaýas.

Ýagny iki sany maşyn pikir edeliň. Ikisem bir tarapa sagatda 60 km tizlik bilen gitýän bolsun. Indi iki maşynyň içindäkiler üçinem beýleki maşynyň tizligi özlerine görä 0 dur. Ýagny hereket etmeýändir.

Emma Egerde biri 80 km tizlige çyksa, 60 km tizlikde barýana görä şol maşyn 20 km tizlikde barýandyr.

Kanun şeýle, formulalar şeýle işleýär. Emma ýagtylyk tizliginde bu işlänok.

Meselem ýaňy Ýagtylyk tizligi sekuntda ortaça 300 000 000 metr diýipdik. Aýdaly biz sekuntda 150 000 000 metrdan gitýän gämi ýasasak. We bu gäminem bir ýagtylyk bölejiginiň ýanyndan hereket etdirsek. Gämiden bölejigiň tizligini ölçänimizde sekuntda 150 000 000 metr bolmaly bolýa gerek? Ine bu beýle däl.

Isle duran ýerinden ölçe, isle ýagtylyk tizliginiň 100 de 90nyndan ölçe, nireden ölçeseň ölçe ýagtylyk tizligi sekuntda 300 000 000 metr boljakdyr.

Indi sorag Nädip?

Nädip?

Elimizden geldigiçe düşündirjek bolalyň.

E = mc2

Fizikadaky iň meşhur formula, hökman gabat gelensiňiz.

Bärde E = Energiýa, m = massa, c2 = bolsa ýagtylyk tizliginiň kwadradydyr.

We bu formulany başda Eýnşteýn ýazanda m=E/c2 şeklinde ýazypdy, ýagny Energiýa we Massa ýerini çalşyp bilýär.

Ýagny Energiýa we Massa, aslynda bir zat.

Ýagny görýän, bilýän ähli zatlaryňyňyz, meselem şuwagt eliňizdäki telefon, ýada oturan stolyňyz energiýadan durýar. Biz adamlar aslynda, energiýadan durýas.

We örän güýçli bir energiýadan durýas.

Meselem bir iňňäni ele alaly. Tikin etmek üçin ulanylýan iňňe. Ine şul iňňäni emele getirýän ähli atomlary energiýa öwürip bilsek, 18 kiloton güýjünde TNT partlaýjy elde edip bilers. We bu Hiroşima atylan atom bombasyna ýakyn bir güýç diýmekdir. Ýagny bir iňňeden şeýle bir güýç orta çykýar. Bu tema soň degip geçers, temadan uzaklaşman Eýnşteýniň formulasynyň ýagny Eýnşteýniň bize aýtýan zady.

Bir zadyň tizligi artdygyça onuň energiýasam artar we şeýlelikde onuň massasam artar we ýagtylyk tizligine ýakynlaşdygyça bu tizligini dowam etdirmesi üçin sonsuz energiýa, hawa sonsuz energiýa we sonsuz massa gerek bolýar. We bu sebäp bilen ýagtylyk tizligini geçip bolmaýar. Ýagny maşyny näçe çalt sürdügimizçe şonça kän benzin ýakýan bolsa. Näçe ýagtylyk tizligine ýakynlaşdygymyzça bize şonça sonsuz benzin gerek bolýar. Hiç kimde sonsuz benzin ýagny energiýa bolmadygy üçin ýagtylyk tizligini geçip bolmaýar.

Bärde akyl ýetirmesi iň agyr ýeri şutaýy. Biziň bilýan hasabymyza görä, tizlik köpeltmek wagt deňdir geçilen ýol.

Tizlik * Wagt = Geçilen ýol

Emma şul formula ýagtylyk tizligini goýan wagtymyz, biziň bilýän fizikamyz işlänok. We şeýlelikde wagtda we geçilen ýolda üýtgeşiklikler bolup başlaýar.

Isleseňiz bir mysal bilen jemläli diýsek, Ýusup we Ahmet atly iki sany ekizler bar diýeliň. Ikisem astrownawt bolsun we bize muny subut etmek üçin bir eksperimende gatnaşsynlar. Ýüsüp dünýade galsyn we Ahmedem ýagtylygyň 100 de 99.99da gitýän bir gämide 1 ýyllap dowam etjek ýolagçylyga çyksyn.

Bu ýolagçylyga başlanlarynda ikisem 30 ýaşynda diýip alsak, 1 ýyllyk ýolagçylykdan soňra Ahmet bolmalysy ýalak 31 ýaşynda bolar. Emma dünýäde galan Ýüsüp edil 81 ýaşynda bolar. Bu tizlikde gitýän biri üçin wagt juda ýuwaş akyp başlaýandyr. We şeýlelikde Ýüsüp we Ahmedem aralarynda 51 ýaş tapawut bolan ekizler diýip taryha geçerler.

Bu size fantastika ýalak bolup gelip biler emma bu teoriýa 1971-nji ýyldan subutlandy.

Hafele — Keating Eksperimendi diýip bilinýän bu ekperimentde biri-birilerine sazlanan 3 sanak atom sagadyny birini gündogara beýlekisini bolsa günbatara gitmesi üçin samalýoda mündürdiler. 3-nji bolsa aýraportda galdy. Soňra sagatlary samalýot ýere gonmagynyň yzyndan kontrol edilmeginden soňra bu başda sazlanan sagatlar indi biri-birileri bilen gabat gelmeýärdi, indi sazlanan däldi.

Gündogara giden samalýotdaky sagat, aýraportda galan sagada görä sekundyň milýartda 59y töwerek yzdady. Günbatara giden samalýotdaky bolsa sekundyň milýartda 273i töwerek yzdady.

Hawa, akyl ýetirmesi gaty kyn. Aklyň hiç kabul edesi gelenok. Emma bu şeýle.

Günümizden ýekeje bir mysal bilen bu teoriýanyň nä derejede möhümdigini bilmegiňiz üçin ýeterli bolup biler. GPS sistemalary meselem. Asmandaky sputnikler juda çalt tizliklerde hereket edýändkleri sebäpli birazam bolsa olarda wagt tapawudy bolýar we yzgiderli sazlanyp durýarlar. Bolmasa şuwagtky Google Maps ýaly programalar bizi kilometrläp daşda görkezip bilerdi we hiç bir zadyň doly ýerini bilip bilmezdik.

Ýagtylyk üçin wagt diýip zat ýoklugy sebäpli. Biz näçe ýagtylyk tizligine ýakynlaşsak wagt şonça ýuwaşlaýar. Biz näçe çalt gitsek, wagt hem şonça ýuwaş akýar.

We bu aýtýan zatlarym mundan takmynan 115 ýyl öň Albert Eýnşteýniň çap eden Special Relativity Teoriýasynyň gysga bir bölegi. Intäk başda hem belleýişimiz ýalak wagtyň durýan ýerleri bar diýenimiz Ähliumumy Görälilige, ýagny dartyş güýjüne baglylykda, meselem günüň üstünde wagtyň ýere görä ýylda 6 sekunt ýuwaş akmagy. Ýada Gara Girdabyň golaýynda wagtyň durmagy temalaryna girmedik. Intäk ýaňy başladyk diýsek dogrydyr.

Belläp geçen bu kanunlarymyz, teoriýalar we mysallar..

Adam bu zatlaryň maňa näme peýdasy bar diýip sorag berip biler. Käwagt akyl ýetirmesi juda agyr welin taşlasyň gelýär.

Emma ýaňy hem aýdyşymyz ýalak ählimiziň aslynda energiýadan durýanlygymyz.

Wagtyň adama görä üýtgäp bilýänligi.

Başdaky poýuz mysalyndaky ýalak ähli wakalaryň seredýän tarapymyza we garaýyşlarymyza görä üýtgäp bilmegi bize birzatlar düşündirýär.

Durmuşa, äleme, madda, bolup geçýän wakalara bolan garaýyşymyzy üýtgetýär. Älem edil bir kitap ýalak okaýyja, okaýyjynyň seretýän ugryna, onuň garaýyşyna görä wakalaryň üýtgäp bilmegi bize bizi düşündirýär.

--

--

Tolkun

Bu ýerde “Tolkun” Youtube kanalynda paýlaşylýan wideolaryň tekstlerini tapyp bileriniňiz.