STOKHOLM SINDROMYNYŇ HEKAÝASY

Tolkun
4 min readJan 14, 2022

--

Stokholm Sindromuny belki hemmämiz eşidendirs.

Gysgaça düşündirmeli bolsak, zulum görýäniň zulum edene aşyk bolmasy diýp aýdyp bilers. Durmuşymyzyň köp ýerinde ýa bu ýagdaýy özümiz başymyzdan geçirers ýada başga birilerinde gabat gelers.

Erkekleriň iň kän şikaýat etýän temalarynyň biri bolan “Gyzlaryň gowy adam ýerine “gowy däl” adam saýlamagy” häzirki günümiziň iň kän ýaýran mysalydyr.

Ara alyp maslahatlaşmak üçin gaty açyk we elbetde aşa umumylaşdyrylan bir mysal ýöne beýniňizde janlanmagy üçin bu tema bärde dursun.

Ýada käbir kinolarda beýle ýagdaýa köp duş gelendirs.

Erbet oglan harakteri bir gyzy gaçyryp, bir ýerde zor bilen saklar, soňra biri birleri bilen sögüşerler, ilki başda gyzda oglana bolan ýigrenç duýgusy dörär, ýöne meseläniň soňuny göremizde bolsa hooop gyz hem bu erbet oglana aşyk bolar.

Ine edil şu meseläde Stockholm sendromy diýilýär.

Ýöne bu meseläniň Stoсkholm sendromy bilen baglanyşygy näme?

Ýagny näme üçin Stockholm sendromy diýýäris?

Bu at nireden gelýär.

Bu sendromyň örän gyzykly hekaýasy bar.

Geliň hemmämiz birlikde munuň köne sözlükde näme many aňladýanyny diňläliň.

23-nji awgust 1973-nji ýyl sagat irden 10. Stocholmdaky Kreditbanken atly banka giren gara köýnekli we gara perukly bir ogry çar tarapa elindäki ýaragy bilen atyp “Şohwun başlasyn” diýp gygyrýar.

Soňra bu adamyň ýanyna bir dosty gelip oňa goşulýar.

Bu ogrylar öz ýanlarynda getiren ýaraglary we partlaýjy maddalary bilen bankyň işgäri bolan 4 sany zenan maşgalany ýesir alyp, beýleki işgärleriň we müşderileriň gaçmagyna rugsat bererler.

We şunuň bilen birlikde 6 gün dowam etjek ýesir alma we polisiýalara daýanmada başlaýar.

Elbetde bankyň agzyna üýşen polisiýalar içeri girmek isleýärler, emma ogrylar işlerini professionalny bir şekilde ýerine ýetirýändikleri üçin içeri girip bilmeýärler.

Soňra bir şekilde ogrylar bilen gürleşmäge synanyşýarlar.

Ogrylar özleriniň türmedäki bir dostynyň ol ýere getirilmegini we şol bir wagtyň özündede sportiwnyý bir maşynyň bankyň öňüne getirip goýmaklaryny talap edýärler.

Talaplary ýerine ýetirilýär, ýöne ortada bir problema bardy, oda her ýeriň polisiýa bilen gabalan bolmagydy.

Daşaryk çykmaklary üçin bu polisiýalaryň yza çekilmegi gerekdi.

Ogrylar bulara yza çekilmeklerini talap edýäler we sol bir wagtyň özünde ýesir alan adamlaryny hem goýberjekdiklerini aýtýarlar.

Polisiýa bu talaby kabul etmeýär. Şeýlelik bilen bankyň töweregindäki dartgynlylyk hasam artýar.

Bu aralykda žurnalistler, radýo we telewidenýa işgärleri wakanyň bolup duran ýerinden göni ýaýlym açýarlar.

Blogyň wideo görnüşi, Tolkun Youtube Kanalyndan

Elbetde adamlara hem bu ýagdaý güýmenje ýaly gelýädi.

Bolýan zatlary uly gyzyklanma bilen yzarlaýardylar.

Şu ýere çenli aýdylanlar klassiki bir talaňçylyk hekaýasyna meňzeýär, ýöne wakanyň gyzykly tarapy içerde bolup geçýän zatlardy.

6 gün boýunça ýesir tutulan bankyň işgärleri bilen ogrylaryň arasynda bir birlerine bolan ýakynlaşma başlaýar.

Ýesir alnanlar soňunda ogrylaryň özlerini öldürmek islemeýändiklerini, asyl niýetleriniň diňe bu ýerden çykyp gitmekdigine ynanýarlar.

Olaryň pikiriçe aslynda ogrylar gowy adamlardy. Ýaşaýyş şertleri olary bu işi etmäge mejbur edipdir diýp düşünýärdiler.

Asyl günäli yza çekilmeýän polisiýalardy.

Çünki polisiýalar yza çekilselerdi bu işiň bu wagta çenli bitjekdigine ynanýardylar.

Birnäçe wagtdan soň ogrylar, polisiýanyň yza çekilmesi üçin ýesir alynanlar bilen daşardakylaryň gürleşmegine rugsat berýärler.

Telefon arkaly daşardakylar bilen gürleşen ýesirler, polisiýanyň yza çekilmesini haýyşt etýärler, ýöne ýenede bu haýyşlary polisiýa tarapyndan ýerine ýetirilmeýär.

Gysgaça aýtsak 6 günüň (ýagny 131 sagadyň) soňunda polisiýanyň işgärleri gaz bombalary bilen banka girmegi başarýarlar.

Emma bu iş dowam edip durka hemme kişini geň galdyran bi hadysa bolup geçýär.

Ýesir alynanlar hem ogrylar bilen bilelikde polisiýa garşy durýarlar.

Bular barymy?

Elbetde dal!

Bu ogrylaryň sudy gidip durka ýesir alynan zenan maşgalalar bulary ýamanlamakdan ýüz öwürýärler we has hem täsin ýeri öz aralarynda pul toplap bu ogrylara adwokat tutýarlar.

Bu ýerdede bitmedi…

Bu ogrylar ýyllar soňra türmeden çykanlaryndan soňra bir birleri we hatda maşgalalary bilen hem görüşmeklerini dowam etdirdiler.

Ogrylary erbetlemegiň ýerine, olara düşünmäge synanyşýanlaryň eden işine literaturada “Stockholm Sendromy” diýilýär.

FBI derňewlerine görä adam gaçyryp ýesir alma wakalarynyň 27 göteriminde ýesir alynanlaryň üstünde bu “Stockholm Sendromy” öz täsirini görkezýär.

Esasanam uruşlarda ýesir düşenler, başgada her hili ýagdaýdaky ýesirler we maşgala içinde zorluk görýän zenan maşgalalaryň bu stockholm sendromyny başdan geçirmekleriniň sebäbi olaryň ýaşamaga bolan islegidir.

Sendrom adatça şu ýagdaýda dowam edýär: ilki bilen ýesir düşen kişi ýesir alanyň özüni öldürmeginden gorkar, we ölüm gorkusy köpeldikçe ýaşamaga bolan islegi hem parallel şekilde köpeler.

Zalymyň garşysynda gitdikçe ejizlän ýesir, onuň eden kiçijik gowulygyny hem gözünde ulaldyp içinde minnet duýgysy ýaşar.

Biraz wagt geçenden soň özüni zalymyň ýerine goýup bolýan zatlary onuň gözünden görmäge synanşar, we netijede oňa garşy gowy duýgular görkezip, eden işlerine hak bermäge başlar.

Zalymlary özlerini has ýakyn duýup olardan hiç hili zeper gelmejegine ynanyp, öz özlerini rahatladarlar.

Ýesir soňunda ýekeje zady dogry kabul eder we oda zalym bilen arasyndaky gowy gatnaşygy ýitirmezlik üçin elinden geleni eder.

Belki siziň hem aklyňyza käbir mysallar gelendir bu sendrom bilen baglanyşykly.

--

--

Tolkun

Bu ýerde “Tolkun” Youtube kanalynda paýlaşylýan wideolaryň tekstlerini tapyp bileriniňiz.