Plasebonyň Gorkunç Ýüzi!

Tolkun
5 min readJan 30, 2022

--

Saglyk hemme zadyň başy, bu ýerde hemmämiziň pikirimiz deňdir. Ýöne saglyk diýenimizde meselem kellämiz agyrmasyn, Korona bolmaýyn, Rak bolmaýyn diýp alada edýäris. Hawa bu meselede soňuna çenli hakly çykýas. Ýöne iş akyl saglygyna gelende bolsa hege, intägem psihologa gidenlere, ýeri nämow aklyňy ýitirdiňmi, ýada ylym urdumy diýmäni bilýäris. Munyň üstüne birazajyk düşünmek (pikirlenmek) gerek aslynda. Umuman alanymyzda akyl ýada ruhy saglyga başka bir ýerden seretmegimiz gerekdir belkide. Belkide başka bir tarapyndan seredip bilmeýänligimiz üçin çäre tapyp bilýän däldirs. Geliň bu mesele barada size 2–3 sany geň galdyryjy bir bolan wakany gürrüň bereýin size.

2006-njy ýylda Meksiko Siti ýakynlarynda ýerleşýän Ýatylýan bir mekdekde ýada Internatda okaýan gyz okuwçylara üýtgeşik bilinmeýän bir kesel degýär. Hristiyan ruhanylaryň baştutanlygyndaky bu mekdep Aziýadaky çagalar üçin gurulan we “Dünýä obalary” ady bilen tanalýan Aziýa we Latyn Amerikada ýerleşýän 10 mekdebiň biridi.

Ýaşlary 12 bilen 17 arasynda bolan bu gyzlarda gaty geň galdyryjy alamatlar ýüze çykyp başlaýar. Esasy göze iliji keseller bilen kesellänler ýöremekde kynçylyk çekýädiler, gyzzyrýadylar we ýürekleri bulanýadylar.

“Tolkun” Youtube Kanalyndan

Gyzlar 10 günlük baýramçylykdan gaýdyp gelenlerinden soň bu alamatlar beýlekilerdede ýüze çykyp başlaýar. We soňunda 3600 sany gyzyň 600 sansy bu keseller bilen keselleýärler. Ýagny 600 sany gyz hiç zat ýok ýerinden ýöräp bilenoklar, gyzzyrýalar we ýürekleri bulanyp gaýtaryp başlaýalar. Munyň sebäbini bilmeýändikleri üçin bolsa doktarlar çagyrýalar.

Doktorlar birnäçe barlaglar we testler edýäler. Okuw binasynyň her nokadyna çenli gözden geçirýäler we hemme gyzlar bilen ýekän ýekän gürleşýärler. Emma bu kesellere sebäp bolup biljek hiç hili zat ýokdy ortada. Birnäçe wagt geçenden soň, bir topar barlaglar we belli doktarlar bilen gelinen karardan soň bu okuwçylara diagnoz goýulmaly diýen karara gelinýär.

Bu gyzlara aslynda fiziki tarapdan däl psihiki tarapdan zyýan ýetipdi, ýagny Mass Hysterıa ýada Köpçülikleýin Psihiki Näsazlyk diýip hem terjime edip bilers bu keseli. Gaty seýrek duş gelýän waka bu, ýöne mysallary hem ýok däl. We buda onuň bir görnüşlerinden biridi. Bu keseliň esasy sebäbi bolman, gizlin bir şekilde ýaýramagy bilen tanalýar.

Tolkun, Youtube Kanalyndan

Esasanam köpçülige bolmaýan grupbalar we toplumlarda ýüze çykýar we bu ýaş gyzlar hem iň kän täsirlenen grupbalaň içindediler. Bu kesel häzirki wagtda hemmämiziň başyndan geçirýän kesele duçar bolmak gorkusy dörände, ýagny esasanam ýokary stresli we dartgynly şertlerde ýaýraýar.

Aýdyşymyz ýaly gaty seýrek duş gelýän bu kesele degişli jemi dünýäde 80 sany bilinýän waka bar. We bu Meksikadaky ýatymlyk mekdepdäki bolan zatlar hem bu kesele diýseň ýakyndy.

Köpçülige bolmaýan, örän berk kada kanuna üns berilýän we stresli ýerden söz açdyk. Daşardakylar we hatda maşgalalary bilen gürleşip görüşmleri hem çäklendilendi ýagny örän az hem bolsa maşgalalary bilen görşüp bilýärdiler. Ýöne bulardan daşary telefonda gürleşmäge hem rugsat berenokdylar.

Hünärmenleriň pikirine görä bu keseliň ýüze çykmagyna ýokardaky aýdylanlar sebäp bolup biler belläp geçýärler. Diagnoz goýulandan soň çagalaryň öýlerine ýagny maşgalalarynyň ýanyna gitmeklerine rugsat beripdirler. We surpriz bir şekilde hemme keseller yzly yzlyna aýrylypdy. Ýöne hekaýa bu ýerdede gutaranok.

Elbetde bular ýaly gaty seýrek duş gelýän bu keseliň nädip ýüze çykýanyny tapmak üçin gözleg işlerini hasam artdyrýalar. Hünärmenler bu keseliň arkasyndaky zadyň Nosebo-dygynyň kararyna barýarlar.

Nocebo näme?

Geliň men size ilki bilen Plasebony düşündireýin, ondan soň Noseboda geçers. Plasebonyň nämedigini belki köpüňiz bilýänsiňizemdir. Plasebo diýp aslynda hiç bir täsiri bolmaýan ýagny derman diýp hem hasaplanmaýan bir zady, birine berip şuny içseň ýada iýseň gowylaşarsyň diýlende, ol adamyň ony içip ýada iýip, hakykatdanam peýdasy degdi, gowulaşdym diýmegine aýdylýar.

Nosebo bolsa munyň tersi bolýar, meselem erbet zyýanly düşünjeleriň negatiw netijeler getirmegine aýdylýar we örän güýçli täsiri bolýar. Size kiçiräk mysal getireýin, 90-njy ýyllarda geçirilen barlaglaryň netijesinde ýürek agry keseline duçar bolan diýip gorkan aýallaryň, bular ýaly düşünmedik aýallar bilen deňeşdirilende ölüm riski 4 esse köp bolupdyr.

Işiň geň tarapy bolsa aralarynda fiziki taýdan hiç zeper tapawutlylygy yokdy. Ýagny adamlar bir keseliň nä derejede özlerine deger diýp düşünýän bolsa ol keseliň olara degme ähtimallygy hem o derejede köpelýär.

Aslyna seretsek bu pikir kän bir üýtgeşik hem däl, beýnimiz bulary Plasebo ýada Nosebo diýip bilmesede, durmuşda bular ýaly wakalary ýaşaýas we görýäs.

Ýöne bulara garamazdan bir adamda Nosebo täsirini döretmek olar ýaly aňsat hem däl. Geliň men size ýenede bir mysal getireýin.

Bir eksperimentde hassalara Aspirin we gatan gany suwuk bir şekle getirmek üçin ulanylýan derman berýärler. We Aspirin beren hassalaryna garynlarynyň agryp biljekdigini aýtýarlar. Beýleki grupba bolsa hiç zat aýdylmaýar. Işiň soňunda Aspirin berilen grupba özleriniň garynlarynyň agyrýandygyny aýdyp Doktora ýüz tutýarlar. Aslynda umumy geçirilen barlaglardan soňra 2 tarapada dermanlar deň derejede täsir edipdi. Hatda bu ýerde size iň geň galdyryjy wakany gürrüň bereýin.

1886-njy ýylda adaty bir güle allergiýasy bolan bir zenan maşgala ýasama gül görkezýärler, we bu zenan maşgala üýtgeşik reaksiýalar görkezmäne başlaýar we dem alyşy kynlaşyp başlaýar. Soňra ol gülüň ýasama güldügini aýdanlarynda bu zenan maşgala gowlaşyp özüne gelip başlaýar we has hem geň tarapy birnäçe wagt geçenden soň hakyky güli görendede beýle reaksiýalary ýitip, öňküsi ýaly bolman başlady.

We muňa meňzeş ýene birnäçe mysallar getirip bilers, meselem 2006-njy ýylyň Noýabr aýynda Günbatar Afrika ýurdy bolan Liberiýada bir mekdepde 60-a ýakyn gyz okuwçylar we mugallymlar birden aglap başlaýalar we agyzlaryndan çykan köpürjükler bilen çaşmana başlaýarlar. We ýenede doktorlaryň barlaglary netijesinde bu kesellere ýol açyp biljek hiç hili fiziki problema tapmaýarlar. Işiň soňunda ýene hemmesine Köpçülikleýin Psihiki Näsazlyk diýip diagnoz goýulýar. Soňra çalt ýaýraýan bir kesel diýip gep gürrüň çykýar we ondan soňra hasam köpelýär. Şol ýylyň içinde bu gezegem Angliýada bir klasda adam biýologiýasy diýen wideony görüp otyran okuwçylar gusup , özlerinden gidip başlaýarlar we hassahanada äkidilýärler. Bularyň hemmesine hem doktorlar wagtynda ýetişmesedi, örän uly meselelere ýol açyp bilerdi.

Aslynda häzirki günümizdede edil bu derejelerde bolmasa hem muňa meňzeş wakalara ýa duş gelýändiris ýada özümiz başymyzdan geçirýändirs. Aragatnaşygyň bu diýen aňsat bolan döwründe negatiw, zyýanly informasiýa juda köp we näçe köp adam bu negatiw informasiýa bilen gabatlaşsa şonça hem täsir edýär. Ýüzlerçe müňlerçe adam diýemzok, milýonlarçe adamyň başdan geçirip biljek bir wakasy bul. Ýaňy, Nosebonyň nä derejede zyýanlydygyny gördük, adamy hassa edip bilýän we ölüm sanlaryny artdyryp biljek bir waka bu.

Elbetde bular ýaly ýagdaýlardan baş alyp çykmak üçin bolsa, esasy sebäp bolan erbet ýerlerden gaça durmaly bolýas. Ýagny size zyýan ýetirýän kişilerden her ädiminde başyňyza iş açýanlardan hiç düşünmän, arkaňyza bile seretmän uzaklaşyň. We bular ýaly hereketlerden soň durmuşuňyzyň has gowlaşyp başlamagyna ýuwaş ýuwaş şaýat bolarsyňyz.

Ýagny bir söz bilen jemlesek akyl we garaýyş hemme zady üýtgedýär, we öz güýjiňiz bilen nämeler edip biljekdigiňize haýran galarsyňyz.

--

--

Tolkun

Bu ýerde “Tolkun” Youtube kanalynda paýlaşylýan wideolaryň tekstlerini tapyp bileriniňiz.