KYN ÝAGDAÝDA BOLAN BIRINE KÖMEK EDERMIDIŇ?

Tolkun
5 min readJan 14, 2022

--

13-nji Mart 1964-nji ýyl. Ýer New Ýork, Queens. Kitty Genovese (Kitti Jenowis). 28 ýaşynda ýaş bir zenan maşgala. Agşam öýüne gidip barýar. Maşynyny öýünden biraz uzaga goýup öýüne dogry ýöremäge başlaýar. Edil şol wagt Winston Moseley (Winston Mozlyý) atly bir adam arkasyndan oňa ýakynlaşýar.

Kitti garaňkylykda, o wagt munuň gowy däl birzatdygyny aňýar. We ylgamana başlaýar. Kitti tizligini artdyrdykça o adamam tizligini artdyrýar. We gynansakda Kitti dogry pikir edipdi. Oglan gyzy tutup 2 ýerinden pyçaklaýar. Şol wagt waka edil şu binanyň öňünde bolup geçýär.

Birinji sapar pyçaklanyndan soň adam ol ýerden gaçýar. Kitti uly ses bilen gygyryp we biraz ýöräp bir binanyň girelgesinde kömek soramana dowam edýär. Ortaça 10 minutdan soň ol oglan ýene yzyna gaýdyp gelýär we Kittiniň ýanyndaky hemme zadyny ogurlap ony täzeden pyçaklap ol ýerden daşlaşýar.

Kitti bolsa ol ýerde ölýär. Bu bolan zatlar umuman 30 minut sürýar. We biraz öň gören binaňyzdan we ýanyndaky binalardan bu wakany hut 37 kişi görýär. Bu habardada görşüňiz ýaly. 37 kişi bu wakany görýär. We işiň geň tarapy 37 kişiň hijisi hiç zat etmeýär. Ne polisiýa jaň edýärler nede kömek edýärler.

Bu wakany eşidenler bardyr belki. Habarlarda Amerikany üýtgeden jeneýat diýibem geçýär.

Esasanam sosial psihologiýa bilen baglanyşykly bolan hemme kişi eşidendir bu hekaýany.

Meşhur BYSTANDER EFFECT atly sosiologiki täsiriniň başlangyjy bolan hekaýa. Ýagny Sessiz galma täsiri ýada biperwaý bolma diýibem aýdyp bilers.

Gysgaça aýtsak adamlaryň köpçülikde kömege mätäç bolan birine kömek etmän ol ýagdaýa tomaşaçy halynda galmagyna aýdylýar.

Blogyň wideo görnüşi, Tolkun Youtube Kanalyndan

Ýöne birinji bu wakadan soň bu Sessiz galmagyň täsiri nädip literatura girdi we bu waka bilen baglanyşygy nämedi oňa seredip geçeliň soňra Kittiniň hekaýasyna ýene bir sapar gaýdyp gelers we birnäçe zady başdan ýazyp bilers.

Bu waka bilen baglanyşykly häli hem aýdyşymyz ýaly waka New York gazetinde habara çykanyndan soň adamlary biraz gorkuzmady diýsek ýalan bolar. Ýagny başymyza birzat gelse hiç kim kömek etmezmi? O giden adam kömege gelmezmi? Hemme kişiň aklyna muňa meňzeş soraglar gelýändir.

Elbetde psiholoklaryň hem ünsini çekýär bu waka. We wakanyň bolan ýylynda ýagny 1964-nji ýylda Bibb Latane (Bib Lateýn) we John Darley (Jon Darli) atly 2 sany psiholok bu wakanyň hakykydygyny orta çykarmak üçin bir eksperiment taýýarlaýarlar.

Bu eksperiment üçin okuwçylara bir söhbetdeşlik geçirjekdikleriniň habaryny berýärler we okuwçylar nauşnik arkaly gürleşip biljek bir şekilde bir komnata ýerleşdirilýär.

Bu eksperiment üçin dürli-dürli grupbalar saýlanýar.

Öňürti grupbalar bire bir boljak şekilde 2 adamdan goýulýar. Soňra 3 kişi we has soňra jemi 5 kişiden boljak şekilde grupbalara bölünýärler. Bu ýerde esasy mesele şu. Eksperimende gatnaşýanlaryň käbiri synag üçin alynan okuwçylar we içlerinde ýekeje okuwçynyň ýerine zapis edilen ses goýupdylar.

Birnäçe wagtdan soň ýanky sesi zapis edilen okuwçy özüniň epilepsiýa krizisini geçirýändigini aýdýar. Ýagdaýynyň gitdikçe erbetleşýändigini we kömege mätäçdigini aýdýar. Bu ýerde esasy maksat, beýleki komnatlarda oturan okuwçylardan näçesiniň oňa kömege geljegini anyklamakdy. Kimler eksperimende üns bermän ol okuwça kömege barjakdy?

Geliň indi haýran galdyryjy netijelere seredeliň.

Söhbetdeşlik bire bir bolan wagty, ýagny eksperiment geçirilýän okuwçylar ýeke özleri bolanlarynda, özünden başga kömek etjegiň ýokdugyny bilenlerinde kömek edenleriň göterimi 85-di. Bu gowy habar.

Grupbalar 3 kişilik bolan wagtlarynda kömege gelenleriň sany 64 göterime düşdi.

Grupbalar 5 kişilik bolan wagtlarynda bolsa kömege gelenleriň göterimi 31-e düşüpdi.

Elbetde bärde wagtlarda möhümdi.

Okuwçylar ýeke özleri bolan wagty ortaça kömege gelme wagty 50 sekuntdy.

Ýagny iň köpçülik bolan wagtlary bolsa hastlanan kişiniň kömek alma wagty 3 minuda çenli uzajakdy. Egerde ol komnatda bir okuwçy hakykatdanam hastlanan bolsady, her bir sekundynyň möhüm bolan wagtlary, hastanyň jany howp astyna girip bilerdi.

Bu ýerde başgalaryň jany howp astynda bolanlygy sebäpli olaryň kömege gelme wagtlary biraz gijigen bolup biler. Ýöne öz janlary howp astyna giren bolsady hekaýa düýbünden başgaça bolardy diýp pikir edip bilers.

Lateýn we Darli bu meselänide ele almaga karar berýärler. We meşhur “Ýangyn” eksperimendini oýlap tapýalar.

Bu eksperiment üçin okuwçylardan bir komnatda anketa doldurmaklaryny isleýärler.

We ýenede okuwçylar 2 topara bölünýäler.

Birinji toparda okuwçylar anketany bir komnatda ýeke özleri doldurýalar.

Ikinji toparda bolsa köpçülik bolup bir komnatda anketa doldurýalar.

Bu ýerde esasy mesele şu, köpçülik bolan toparda diňe ýekeje kişi boljak zatlardan habarsyz, galan hemmesi gurnalan oýunyň içindedi.

Okuwçylar anketa doldurmana başlanlaryndan biraz wagt soň komnatyň içini tüsse tutmana başlaýar. Şol bir wagtyň özünde ýangyn duýdyryjysy hem gygyrmaga başlaýar.

Indi geliň bularyň görkezen reaksiýalaryna seredeliň.

Okuwçylar ýeke özleri bolan wagtlary olaryň 75 göterimi komnatdan çykýalar.

Köpçülik bolan wagtlary, bu ýerde üstünde durmaly mesele öz janlary hem howp astynda, kim bolsa bolsun okuwçylar derrew komnaty terk eder diýp düşüner. Ýöne netije geň galdyryjy.

Okuwçylardan diňe 10 göterimi bu ýagdaýa garşylyk görkezýär. Birnäçesi ýangyn duýdyryjysyna garamazdan, komnatda tüsseden ýaňa göz gözi görmez ýagdaýa gelýänçä hiç hili garşylyk hem görkezenoklar.

Bir birilerine seredýärler, ýöne hijisi hem birinji hereket eden bolasy gelenokdy.

Egerde hakykatdan hem ýangyn bolan bolsady, gynansakda netije hemmämiziň pikir edişimiz ýaly bolardy.

Bu ýerde bularyň sebäplerini hem gürleşmegimiz gerek. Ýagny adamlar näme üçin we näme sebäpden beýle hereket etdiler. Munuň psiholoklara görä 2 sebäbi bar.

Birinjisi “Jogapkärçiligiň paýlaşylmagy”. Ýagny adatdan daşary bir ýagdaý bolanda şaýatlaryň sany näçe köpeldikçe özlerini şonçada az jogapkärli hasaplaýarlar.

Meselem lukman kömegine mätäç bolan birisi bar bolsa we töweregem köpçülik bolsa içlerinde “bir doktor ýada şepagat uýasy iň bolmanda ilkinji lukman kömegini berip biljek bardyr diýp düşünýärler”.

Ýagny şo wagt hiç kim kömek etmeýän bolsa belkide bolmalysy hem şodyr diýp pikir edip bilýärler. Kömek edip bilýänem etmän bilýär.

Ýangyn eksperimendindede bolşy ýaly tüssäni bolmaly zat ýaly kabul edýän bolsalar, we meseläniň adatdan daşary ýagdaýdygyny düşünen diňe men bolsam, onda problema mende… Ýalak.

Hatda Kitti Jenowis wakasyna biraz başgaça seredýänler hem bar. Kitti Jenowisiň hekaýasynda eger 37 kişi dälde 2 ýada 3 kişi şaýat bolan bolsady belkide Kitti ölmän bilerdi.

Edil şu meselelere seredilende hem hekaýa diýseň gynançly gelýär.

Meselem Kitti Jenowis hekaýasyny nirede okasaňyz okaň size “37 kişiniň görübem hiç zat etmedigini” aýdarlar. Bize muny aýdýan kim? New York times gazeti. Ýagny Mediýa.

Aslyna seretseň ilki başlarda 37 kişiden birnäçesi polisýa jaň edipdiler. Hatda içlerinden käbirleri gygyryp Kittini öldüren kişini durdurmaga synanşypdy. Näme üçin ol ýere gelip durdurmaga çalyşmadyklaryna biraz hem bolsa düşünendirs. Näme üçin beýle habaryň çap edilendigini hem kän bir gürleşmäge gerek ýok. Ýagny adamlar kömek etmäge synanşypdylar. Kimdir birileri hakynda karar berjek bolamyzda olar barada doly we anyk maglumata ýetmän birzat diýmeli däl.

Sessiz galma täsiri gynansakda günimizde bar bolan sosiologiki ýagdaý. Muny ýalanlap bilmers. Ýöne beýle ýagdaýlarda näme etjegimize dogry kararlar bermegimiz gerek. Aslynda kiçijik bir herekedimiz, hemme kişi şol bir zady edýän wagty biz dogyrysyny etmäge karar bermegimiz hemme zady üýtgedip bilýär.

Hemme kişi boş ýolda gyzyl yşykda geçmegi “adaty bir zat” kabul edýärkä, piknik ýerlerinde hemme kişi musorlaryny ýygnaman giden wagty biz ýygnap ol ýeri arassalasak, ýada mekdeplerde hemme kişi sapaklaryny okamazlygyň gowy görünýändigini düşünýärkä biziň sapaklarymyzy okadygymyz bilen aslynda kiçiräk bir hereket başlatýas. Standartlary bozýas we kiçijik bir täzelige başlaýas.

--

--

Tolkun

Bu ýerde “Tolkun” Youtube kanalynda paýlaşylýan wideolaryň tekstlerini tapyp bileriniňiz.