Kitaplary näme üçin ýakýarlar?

Tolkun
4 min readApr 13, 2022

--

Biziñ hemmämiz bilýändirs ýa-da bir ýerlerden eşidendirs. Kitap ýakmak belli bir derejede adamzat taryhynyñ belli bir bölegi boldy. Meselem Aleksandriýa Kitaphanasynyñ ýakylmagy, Mongollar tarapyndan Merw we Bagdatda ýakylan kitaphanalar soñra Endülüs, Ispaniýada ýakylan kitaphanalar, ýada ýañy ýakynda Gitler tarapyndan ýakyp ýok etdirilen müňlerçe kitaplar we gymmatlyklar.

Bular biziñ bilip bilýän esasy wakalarymyz emma taryhda kitap ýakmagyñ ujy adamyñ ýazyp başlamagyndan bäri gaýtýar diýsek dogrydyr. Biziñ bilýän iñ gadymy ýakylan kitaphana b.e. 206-nji ýylda Hytaýyñ Qin şäherinde bolup geçdi ondan bärem birnäçe kitaphanalar we medeni gymmatlyklar ýok edildi.

Eýsem duran, hiçkime zyýansyz bu ýazgylaryň kime, näme zyýany bar?

Tema gowy girişmek üçin geliñ ilki kitap we kitaphananyñ adam we jemgyýet üçin nä derejede gymmatlydygyna we möhümdigine seredip geçeliñ.

Kitap we kitaphana bir jemgyýetiñ şahsyýetidir, ýada gönüläp aýtsak onuñ paspordydyr. Kitap bir öñe gidişlikdir, bir medenýetdir, bir güýçdir. Kitap we kitaphanalar bir jemgyýetiň aklydyr, aňydyr, duýgusydyr.

Meselem aýdaly 2500 ýyl öñ ýaşan gadymy Müsürlileriñ medenýetini ýagny nämeler edenlerini, nähili zatlar bilen meşgul bolandyklaryny, gymmatlyklaryny, ylym — bilim ýagdaýlaryny, aň düşünjelerini biz olaryñ ýazyp goýup giden zatlaryndan bilýäs.

Blogyň wideo görnüşi

Ýañy hem aýdyşymyz ýalak kitaphanalar ýada ýazgylar bir milletiñ paspordy ýada şahsyýeti. Meselem siz biriniñ ýüzüni göreniñiz bilen ýada daş keşbinden nähilirak biridigini ýada kimdigini bilip bilmersiñiz emma onuñ iñlisdigini, fransuzdygyny ýada nemesdigini bileniñizden soñra ol barada aklyñyzda belli bir düşünjeler emele gelip başlar.

Edil şonuñ ýalagam müsürliler, rimliler ýada grekler diýlendede ol medenýetler, döwletler barada aklyňyzda belli pikirler emele gelip başlar. Bu pikirleriñ emele gelmegine sebäp bolyan zatlar bolsa olardan galan gymmatlyklar, ýazgylar, kitaplar.

Bu ýagdaý tersinede işläp bilýär. Meselem dünýäniñ haýsydyr bir ýerinde birnäçe ýyl öñ ýaşan näçe guýçlü bir döwlet bolan bolsañam yzyñda bir medenýet, gymmatlyk, ýazgy ýada bir yz goýmasañ ýitip, ýatdan çykyp gitjegiñ şüphesizdir.

Bu wagda çenli düýbünden ýok bolup giden onlarça medeniýetler bar.

Ýasalýan heýkelleriñ, çekilýän suratlaryñ, salynýan beýik jaýlaryñ, ýazylýan eserleriñ iñ esasy maksatlarynyñ biri ýatdan çykmazlyk, bir yz goýmak, ynsanyñ içindäki ebedilik duýgusy.

Argentinadaky şul meşhur gowagy bilýänsiñiz, bu ýerdäki el yzlarynyñ esasy maksady “Menem ýaşap geçdim” diýmek, bir yz goýmak.

Ine şonuñ ýalagam belli bir pikirleri, döwletleri, medeniýetleri düýbünden ýok etmegiñ iñ amatly usuly ýazgylary, kitaplary, yzlary ýok etmek.

Bir medeniýeti, döwleti, milleti düýbünden ýoklamak üçin tutuş halky gyranyň ýetenok. Olaryň goýan yzlaryny, ýazan kitaplaryny, çeken suratlaryny, ýasan heýkellerini, guran binalaryny hem ýok etmek gerek.

Endülüs Emewi döwleti, Ispaniýada 711–1492 nji ýyllar arasynda ýaşap geçen döwlet, esasy ilaty musulman we arap bolany üçin, 1492-nji ýyllarda Watikanyñ alyp baran agyr syýasatyndan soñra bu medeniýet düýbünden ýok edilýär. Galan köşkler, medreseler, kitaphanalar, jaýlar ýakyp ýykylýar, ilatyñ köp bölegi öldürilýär, galanam sürgün edilýär. Şeýdip şuwagtky Ispaniýadan ol medenýetiň yzy pozulýar. Meselem, şu wagt gowy taryh bilmeýän birine Ispaniýada taryhda 800 ýyllap emewiler ýagny araplar höküm sürdi diýip ynandyrmak gaty agyr gelip biler. Emma näçe agyr ýykym etseňem ýenede yzlar galyp bilýär. Meselem şu ýerde ýerleşýän Gibraltar bogazyny hemmämiz bilýändirs, bu bogaz adyny emewi komandir Taryk bin Ziýatdan alýar. “ Jabal Tarik” ýagny “Tarykyň dagy”. Ispan diline Gibraltar diýip öwrülen. Ýada siz intägem Ispaniýanyň käbir şäherlerinde, meselem Granadada ol wagtlardan galan binagärlik işlerine gabat gelip bilersiňiz.

Kitaplar ýok edileninden soñra şol medeniýetiñ ylym bilimde gazanan zatlaram tekizlenýär, nollanýar. Şol tapylan zatlar, edilen işler soñra ýene başga birileri tarapyndan edilmeli, täzeden tapylmaly bolýar. Birnäçe alymlaryň eden işleri puç bolýar.

Fransuz fizik Pierre Curie şeýle diýýär “Bize Endülüsden 30 sany kitap galdy şonuň netijesinde biz şuwagt atomy bölüp bilýäris. Emma ýakylan milýonlarça kitaplaryň ýarsy galan bolsady, biz şuwagt galaktikalar arasynda syýahat ederdik.”

Renesansy ýagny Ýewropadaky 1500, 1600-nji ýyllardaky bilimde, sungatda, edebiýatda, pelsepede, tehnalogiýada bolan dirilişi, galkynyşy başlatanlar Gündogardaky meşhur 700nji ýyldan 1200-nji ýyllar arasyndaky alymlar Ibni Sinalar, Al-Biruniler, Ibn Haýsamlar, Al-Tusiler, Omar Haýýamlar diýmesek uly ýalňyşlyk etdigimiz bolar.

We bu alymlarada ýol görkezenler meşhur grek alymlary Aristotel, Platon, Arhimet, Gippokrat, Sokrat diýmesegem ýene ýalňyşdygymyz bolar.

Ylym, bilim we tehnologiýa ýuwaş-ýuwaşdan, basgançak, basgançak her kim öz goşup bilen goşandyny goşmagy netijesinde dowam edýär. ‘Beýik alymlaryň egniniň üstünde durmagymyň netijesinde, men beýlekilerden has uzaklary görüp bildim.” diýip meşhur fizik Nýuton.

Ýagny temamyza gaýdyp gelsek kitap ýakmagyň netijesinde iň agyr urgyny ylym-bilim alýar. Basgançaklar döwülýär. Gizlenen ýada goralan kitaplar bilen täzeden gurmaly ýada noldan başlamaly bolýar. Taryhda ine şeýle ýagdaýlar birnäçe gezek gaýtalanyp geçdi.

Rimliler tarapyndan ýakylan Beýik Aleksandriýa Kitaphanasynda 400 000 münden kän kitap we el ýazgy bardygy aýdylýar. Köp ýazgy ýanyp kül bolýar. Amerikada Ispanlaryň eden medenýet we adam gyrgynçylygyndan soňra elimizde diňe 3 sany Maýa el ýazgylary galdy.

Şol wagtky dünýäniň iň uly şäherleriniň biri bolan Merwde, Mongollara gala gapylarynyň açylmagynyň netijesinde şäher ilaty gyrylýar. Çingiz Hanyň öldürilenleriň sanalmagyny buýurmagyndan soňra 700 000 müň adamyň öldürilendigi aýdylýar, şol wagt şäherde 12 kitaphana bardygy, iň uly kitaphanada 12 000 tomlap kitap bardygy we olaryň ýakylandygy ýada Murgap derýasyna zyňylandygy aýdylýar.

Şol döwürki beýleki uly şäher Bagdatda hem şeýle bolýar. Şol wagt alymlaryň üýşme, ylym-bilim barada iş, barlag geçirme, maslahat etme ýeri bolan Beýtül Hikmet akademiýasy we kitaphanasy ýakylýar.

Şäheriň gyrylmagyndan we kitaplaryň derýä zyňylmagyndan soňra derýanyň birnäçe günläp gan we syýa akanlygy aýdylýar.

Şul ýerde gizlenen ýada goralyp ýetişilen eserler soňra Ýewropadaky ylym-bilim galkynyşyna uly goldag bolýar.

Adamlar jemgyýetiň bedeni, daş keşbi. Kitaplary, kitaphanalary bolsa onuň ruhy, aňy, aklydyr.

Ilaty gyryp, kitaphanalaram ýakmagyň netijesinde sen olaryň ikisinem öldürdigiň, ýok etdigiň bolýar.

Edil şonuň ýalagam kitap okamaýan, belli bir gymmatlygy bolmaýan bir jemgyýete eýýämden ruhsyz, bir ölü diýip bilers.

“Ol aýaly ýanýan bir jaýda saklar ýalak ol kitaplaryň içinde, biziň pikir edip, gözegine getirip bilmeýän zatlarymyz bolmaly; şol kitapda birzatlara bolmaly. Ýok ýere sen ýanýan jaýda galmaýaň”

Fahrenheit 451

--

--

Tolkun

Bu ýerde “Tolkun” Youtube kanalynda paýlaşylýan wideolaryň tekstlerini tapyp bileriniňiz.