Köneler Senäni Nädip Hasaplaýadylar?

Tolkun
5 min readMar 23, 2022

--

Tebigy Kalendar — Aý

“14 i gijäniň aýy”, “Rejebiň 15i”, “Täze aý dogdy” ýalak sözleri hemmämiz ene-atalarymyzdan, ýada garry ýaşulylardan eşidendirs. Eýsem bular aslynda näme, bular dogrymy ýada köneler bulary nireden bilýälerdiler? Meselem, haçan seredenimde maňa üýtgewsiz, birmeňzeş görünýän aýa seredip aýyň 10y ýada 20 digini aýtmaklary, dogrysy maňa juda üýtgeşikdi.

Şu wagt elimizdäki tehnologiýa bilen sagadyň näçedigini, aýyň näçesidigini, ondaky nawigasiýa bilen gitjek ýerimizi bilip bilýäris. Emma öňler adamzat bulary asmana seretmek bilen edýärdi. Aýy bir kalendar ýalak, käbir ýyldyzlary bolsa ugurlaryny tapmak üçin ulanýardylar. Asman bilen adamzat juda baglanşyklydy. Hatda käbir adam asmandaky ýyldyz toplumlaryna seredip, bular geljekden habar berýär diýýänler hem boldy. Muňa Astrologiýa, ýada türkmençe ady bilen “Täleýnama” diýilýär. Munyň nä dereje manysyz zatdygyna soňra degip geçeris. Şuwagtky ýalak hemme ýer ýagty, öýlerde telewizor, elde telefon bolmanlygy sebäpli adamlar gijlerine ýa ýatyp dynç alýardylar, ýada asmana syn edýärdiler.

Tehnologiýanyň peýdasy bir ýana, getiren käbir zyýanlarynyň biri bolsa asman bilen adamzadyň arasyny açmagydyr. Şäherdäki ýagtylyk hapalanmasyndan ýaňa, indi biz asmana seredenimiz bilenem känbir zat görüp bilmeýäris.

Köneleriň asmana nä derejede üns berendiklerini, oňa nä dereje haýran galandyklaryny bilmegiňiz üçin bir mysal. Bizdäki asman we jennet sözüniň manysyny iňlis dilinde bir söz aňladýar “heaven”. “Heaven” jennet, “heavens” asman, asmandaky zatlar diýmek. Ýagny öňküler belli bir dereje asmany, jennet bilen deňeşdiripdirler.

Ýagtylyk hapalanmasynyň nä derejede erbetdigini bilmegiňiz üçin, geliň ilki şu wideo seredeliň. Ilki bilen ýagtylyk hapalanmasy, töweregimizdäki binalardan, köçedäki çyralardan çykýan ýagtylygyň, asmandan gelýän ýagtylygyň bize ýetmeginiň öňüniň alynmagydyr. Ýagny daş töweregimizdäki ýagtylyk asmany görmegimize päsgel berýär.

Ýagtylyk hapalanmasy esasy uly şäherlerde bolýar, asmanda hiç zat görünenok diýsek dogrydyr.

“Tolkun” Youtube Kanalyndan

Ine görýän hapalanmaňyz 8 dereje, bu bolup biljek iň beýik derejeleriň biri, asmanda hiç zat görünmeýär.

Soňra 7, 6, 5, 4, 3, 2, we 1. Ine aslynda asmana seredenimizde görmeli zatlarymyz. Şu merkezdäki gazdan we ýyldyzlardan durýan üýşmek, biziň galaktikamyz “Ak Maýanyň Ýoly” galaktikasy.

1994 nji ýylyň 17 nji fewralynda Los Anjelesde bolan ýer titremeden soňra, wagtlaýyn şäherde tok öçýär. Belli bir wagt soňra şäheriň ýaşaýjylary polisiýa we töwerekdäki obserwatorýalara jan edip “Asmanda bir zatlara bar”, “ Tebigy betbagtçylyk, gelmişekler geldi” diýip başlaýar. Olara gaty geň gelen zat, hakyky asmandy. Olar diňe oňa seretmegi ýatdan çykarypdylar.

Geliň indi bolsa esasy temamyzda geleliň, köneler nädip aýy kalendar hökmünde ulanýardylar? Munyň üçin ilki bilen 2 görnüş kalendara seretmeli bolýas. Gün we Aý kalendarlary. Şu wagt esasy ulanylýan kalendar gün kalendary, başgaça “Gregoriýan kalendary”. Ýeriň günüň daşyndan 365 günde bir gezek aýlanýar şeýlelikde 1 ýyl geçýär. 365 günem 12 aýa bölünýär. Her aýa ortaça 30, 31 günden düşýär.

Aý kalendary ýada “Kameri” diýilýän bu kalendar bolsa aýa görä hereket edýär. “Kamar” aý diýmek. Aý ýeriň daşyndan ortaça 29 ýarym günde aýlanýar. 12 aýdan bir ýyl geçýär. Indi 12 köpeltmek 29.5 näçe? Ortaça 355 gün. Aý Kalendary ortaça 355 günden, Gün Kalendary bolsa 365 günden aýlanýar. Aradaky 10 gün tapawut bolsa, näme üçin her ýyl Gurban Baýramy 10 gün süýşýäriň jogaby. Biz şuwagt gün kalendaryna görä ýaşaýas, türkmençilikde bolsa aý kalendary ulanýardy, Gurban, Remezan baýramlary aýa görä hasaplanýar. We biziň gün kalendaryna görä ýaşaýanlgymyz sebäpli, bize görä her ýyl süýşýär.

Öňler şul kalendar ulanylýardy. Kän bir hasap tutmagyňa gerek ýokdy. Ulanmasy gaty aňsatdy, aýa seredeniň bilen, şuwagt aýyň näçesidigini bilip bilýärdiň.

Bu bolsa Aýyň fazalary bilen ölçenýär. Ýagny aýyň şekili üýtgäp durýar, muňa bolsa aýyň fazalary diýilýär. Bu fazalara sebäp bolýan zat aýyň ýeriň daşyndaky aýlawy.

Aýyň başy “täze aý” bilen başlaýar. Täze aýda, aý tutuşlygyna garaňky görünýär, munyň sebäbi aý ýer bilen günüň arasynda gabat gelýär we tutuşlygyna garaňky görünýär.

3,4 gün soňra aý biraz süýşýär we sagdan ýagtlyp başlaýar. Bu şekili siz biziň baýdagymyzdan hem bilýänsiňiz. Muňa “hilal” diýilýär.

7 gün soňra, ýagny bir hepde soňra aý ýene ýagtylyp “ýarym aý” diýilýän ýagdaýyna gelýär. Muňa başgaça 1 nji çärýek hem diýilýär. Şuwagt bir hepde geçdi.

Soňra ýene belli bir wagt soň, aý doly ýagtylyp “doly aý” diýilýän ýagdaýa gelýär. Indi Aýyň 14ne gelenligimiz sebäpli, biziňkiler “14i gijaniň aýy” diýip şuňa aýtýarlar. Bu wagt aýyň iň ýagty wagty bolýar. Aý şuwagt ýeriň daşyndaky aýlawynyň ýarsyna ýetdi. Şuwagt 2 hepde geçdi.

Soňra aý aýlanmagyny dowam edýär. Indi sagdan garaňkylyk gelip ýene “ýarym aý” ýagdaýa gelýär we indi soňky çärýege ýetýär. Şuwagt 3 hepde geçdi, ýagny 22 si .

Aý ýene aýlanmaga dowam edýär, ýene bir hepde soňra indi aýyň ýüzi doly garaňkylaşýar we 29laryna aý tüm garaňky bolýar we biz täze aýa girýäs.

Ine bir aý şeýdip geçýär. Günler bilen seretsek şeýle ýagdaýda bolýar.

Asmanda asylgy duran “tebigy sagat” ýalak, oňa sereden wagtymyz aýyň näçesidigini bilip bilýäris.

Öňler beýle ösen tehnologiýa gerek ýokdy belli bir ölçegler bilen wagty we gitjek ugryňy bilip bilýärdiň.

Deňizçiler şuwagt nawigasýa üçin asmandaky sputnikleri ulanýalar emma öňler beýle tehnologiýalar ýokdy. Olar bolsa asmanda ýekeje üýtgemän durýan ýyldyz bolan, Demirgazyk Ýyldyzyna (Polarise) seredip ugurlaryny tapýardylar. Asmana seredenimizde bilýändirs, ähli ýyldyzlar hereket edýärler, bir ýerinde durmaýarlar emma Demirgazyk Ýyldyz ýerinde durýar. We edil Ýeriň demirgazygynda ýerleşýär.

Bu ýyldyzy tapmak üçin asmanda “kiçi aýy” diýilýän ýyldyz toplulygy tapmagyňyz ýeterli. Susaga meňzäp durandyr haçan seredeniňizde gözüňize iýiler. Iň başyndaky ýyldyza, Demirgazyk Ýyldyzy diýilýär. Egerde ony tapyp bilmeseňiz, “uly aýy” ýyldyz toplulygyna seredip bilersiňiz. Oda uly bir susaga meňzeýär, we muny beýleki susaga görä tapmak gaty aňsat. Muny tapanyňyzdan soňra, şutaýdaky iki ýyldyzdan gönü seretseňiz Demirgazyk Ýyldyzyny tapyp bilersiňiz. Bu ýyldyz gowy görüner ýalak beýigräk ýerik çyksaňyz gowy bolar. Bolmasa görmegiňize birnäçe zat zyýan berip, doly tapman bilersiňiz. Bu ýyldyz diňe ekwatordan ýokarda görünýär, aşakda başga ýyldyzy tapmaly bolýar.

Ýada mundan aňsat bir usul bar. 2 çöp usuly. 2 çöp alyňda belli bir aralyk bilen ýerleşdiriň, soňra ikisiniňem ugry, bir ýagty ýyldyza gönlener ýalak özüňizi şoňa sazlaň. Biraz garaşyň, ýyldyzyň hereket etmegi bilen siz ugryňyzy tapyp bilersiňiz.

Egerde ýyldyz ýokaryk galsa siz Gündogara seredýäňiz,

aşak düşse, günbatara

çepe gitse, demirgazyga

saga gitse, günorta seredýäňiz.

Egerde diagonal şekilde hereked edýän bolsa, demirgazyk- günbatar aralyga seredýäňiz we şeýle dowam edýär.

Bular ugryňy tapmagyň käbir usullary, isleseňiz başgada birnäçe usullar bilen hem ugryňyzy tapyp bilersiňiz.

Hawa, senäni, wagty we ugryňy tapmak üçin diňe tehnologiýa, ýada okamak öwrenmek üçin diňe kitap gerek däl. Köneler ýalak biraz daş töweregiňe, tebigata, asmana seretmek ýeterlik.

--

--

Tolkun

Bu ýerde “Tolkun” Youtube kanalynda paýlaşylýan wideolaryň tekstlerini tapyp bileriniňiz.