Imposter sindromy!

Tolkun
5 min readApr 13, 2022

--

Gijäňizi gündiz edip okadyňyz. Köp kişi keýp edip durmuşynyň hözürini gören wagty siz okadyňyz ýada işlediňiz. Özüňizi ösdürmek üçin her gün täze täze zatlar öwrendiňiz. Has gowy adam bolmana synanyşdyňyz. We soňunda maksadyňyza ýetdiňiz. Gowy işe girdiňiz ýada muňa meňzeş birzat. Ýagny mysal üçin bir ugurda uly üstünliklere ýetdiňiz diýeli. Hemme kişi sizi gutlaýar, diýseň bagtly bolmagyňyz gerek ýöne hiç begeneňzok. Bir problema bar. Bu size bir ýerden tanyş geldimi?

Ol üstünligiň arkasyndaky çeken birnäçe zähmediňizi gözüňiz görenok. Şol wagt özüňize ýekeje sorag soraýaňyz. Näme üçin men? Beýleki adamlaram has gowydy, hatda olar menden hem kän zähmet çekdiler, näme üçin olar dälde men? Hakykatdanam men bu işi edip bilernmi, ýa birden başarmasam. Men bu üstünligi hak edemok indi näme edern. Egerde bularyň hemmesi size bir ýerden tanyş gelen bolsa onda sizdede IMPOSTER SINDROMY bar bolup biler. Başgaça aýtsak ýalançy ýada ikiýüzlilik sindromy diýp hem tanalýar. We hakykatdanam adam ýaşaýşyna gaty uly derejede negatiw täsir edip bilýär. Geliň hemmämiz birlikde munuň sebäplerine, netijelerine we çözgütlerine seredip geçeliň.

Imposter sindromyna esasanam akademiki ýada öz durmuşlarynda professionalnyý bir şekilde üstünlige ýetenlerde duş gelmek bolýar. Ýagny ortada bir üstünlik bolmasa bu sindromy bolmazdam. Aslyna seretseň işiň biraz gowy tarapam bar. Emma bu duýgyny ýaşaýanlar üçin kän bir gowam däl. Ilki bilen bellenmeli zat, bu resmi bir şekilde fiziki ýada ruhy bozuklyk däl intäk. Gysgaça aýtsak, aslynda özüňi o işe laýyk görmeýänligiň üçin we bu ýagdaýyň başkalary tarapyndan bilinmegi gorkusy we özüniň hem bu üstünligi hak etmeýändigine ynanmasy, hak etmegi üçin hasam köp işlemelidigine ýada okamalydygyna ynanmagy diýp jemläp bilers. Hawa bu duýgular käbir ýagdaýlarda adamy aladanlanma, howsalanma ýada depressiýa getirip bilýär. Hakykatdanam örän geň bir duýgy, belkide başyndan geçirenler has gowy düşüner.

Geçirilen bir gözlegde Angliýanyň öňde gelen hukuk kompaniýalarynyň biri bolan Net Lowmanyň (Net Lawman) CEOsy Endrýu Teýloryň (Andrew Taylor) şeýle sözlerine duş gelmek bolýar:

“Elmydama işleýän wezipämi meniň hak etmedigimi düşünerler diýp gorkdum, we elmydama özümden şübhe duýdum. Bu sebäpden elmydama bir ädim öňe ätlemekden, has ýokarylara çykmakdan gorkdum. We bu duýgy ýaşan ömrüm boýunça zynjyr şeklinde dowamy gelip durdy.”

Bir CEO bolmagyna garamazdan bu duýgylary başyndan geçirip bir gün başlan ýerine, ýagny iň başa dönmekden gorkýardy.

We munuň üçin özüniň hemme sosial durmuşyny bir gyra süýşürip gije gündüz işläp bu duýgunyň pidasy bolan milýonlarça adamyň diňeje biridi.

Imposter sindromynyň hekaýasyna göz gezdirsek 1978-nji ýylda akademiki dünýäsinde uly üstünlige ýeten, zenanlar bilen baglanyşykly barlag işlerini geçiren psihiloklar Pauline Clance (Polin Klans) we Suzanne Imes (Süzan Aýms) tarapyndan orta atylýar. Bu tema barada ýazan kitaplarynda, bu duýga zenan maşgalalarda has köp duş gelmek bolýar diýp belläp geçýärler.

Blogyň wideo görnüşi

Akademiki we professional manysynda ynanyp bolmajak üstünliklere ýeten zenan maşgalalarda imposter sindromyna duş gelmek bolýar. We işiň aslyna seretsek özleriniň olar ýaly üstünliklere ýetendiklerine ynanmaýarlar we adamlary allaýandyrs diýen pikir bilen gezýärler. Hekaýalaryna seredenimizde bolsa ýeten üstünlikleriniň asla tötänleýin däldigini we tutuş ömürleri boýunça hiç kimiň ýanlaryna ýetip hem bilmedigi üstünlikleri görýärsiňiz. Ýöne ýenede muňa garamazdan zenan maşgalalaryň bular ýaly düşünmekleriniň öňüni alyp bilemzok.

Ýagny bu duýga düşünmeýän biri daşardan seredende oňa diýseň düşnüksiz gelip biler.

Imposter sindromy bolan we hatda gara tenli zenan bolmagyna garamazdan uly üstünliklere ýeten Kristiýan Sismonda bulara meňzeş zatlary aýtýar. Gün güzeranyny zordan görýän maşgaladan gelen we senden hiç bir zat bolmaz diýen düşünje bilen ulalan Sismonda şulary aýdyp geçýär:

“Okuw we iş durmuşymda elmydama başgalaryndan rugsat almaga garaşdym we munuň üçinem hemme kişiden örän ökde bolmagymyň gerekdigini düşündim. Mekdep wagty okuwda birinji bolan döwrümde hem depressiýa girip bir gezeginde özümi öldürmegi düşündim. We ol günüň ertesi maňa tabşyrylan öý işimi hiç ýalnyşsyz ýerine ýetiripdim.”

Elbetde diňe zenanlary däl hemme kişini öz täsirine alyp biljek bir ýagdaýdan söz açdyk. Aslynda özüňi tanamak bilen baglanyşykly bir sindrom bu.

Hatda 2007-nji ýylda geçirilen bir barlag örän geň statistikany öňümize goýýar. Ýagny adamlaryň 100-de 70-i iň az bir gezek bu sindromy başyndan geçirýärler.

2 ýyl mundan öň uniwersitet okaýan talyplaryň arasynda geçirilen barlaglarda talyplaryň 100-de 20-siniň ýokary derejede bu duýguny başyndan geçirendigini görýärler. Işiň geň tarapy bolsa bu okuwçylaryň hemmesi diýen ýaly örän ökde okuwçylardy. Diňe özlerine bolan ynamlary ýokdy. Geliň sebäplerine seredip geçeliň.

Birnäçe psihologa görä bu ýagdaý ýagny imposter sindromy, öz komfort zonamyzdan daşaryk çykanmyzda, edip bilýän işlerimiziň bir ädim daşyna çykanymyzda başlaýar diýp pikir edýärler. Öz araçägimiziň daşyna çykyp täze bir zatlar etmäne synanyşmagymyzyň arkasyndada elbetde adamyň ýetişen ýeri we maşgalasy uly rol oýnaýar.

Geliň hemmämiz birlikde birnäçe bolup biläýjek senarýo seredip geçeliň. Meselem bir jigiňiz ýada maşgalaňyzyň başga biri hemme kişi tarapyndan maşgalaňyzyň iň akyllysy hasaplanýar diýeliň. Siz bolsa sosial tarapdan has üstün we biraz hem emosianal tarapdan duýgur görünýärsiňiz. Aslynda okuwda alan netijeleriňiz we üstünlikleriňiz deň derejede. Ýöne ýenede ol maşgalanyň iň akyllysy hasaplanýar we siz bolsa bu ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin we özüňiziň akyllydygyňyzy subut etmek üçin has köp okamaly diýp düşünýärsiňiz. Ýagny bu duýgudan halas bolup bileňzok.

Ýada siz çaga wagtyňyz maşgalanyň iň zehinli we başarjaň çagasy diýp hasap edilýädiňiz. Hemme zat siziň üçin örän ýeňil gelýärdi. Emma okuwda ýada işde olar ýaly däldigini görýäňiz. We işiň netijesinde size ýalan sözlenendigini düşünýärsiňiz. Bir zatlary başarmak üçin zähmet çekmek mejburyýetinde bolandygyňyzy düşünýärsiňiz, we özüňizi erbet duýýarsyňyz. Çagalyňyzda size aýdylşy ýaly “Zähmet çekmeseňem bolýardy hany?” ýa bolmasada siziň bilen kän wagt geçirmedik maşgalada ulalan bolup bilersiňiz.

Gepiň gysgasy özüňizi durmuşda belli bir derejede saklamaga synanyşýarsyňyz diýeliň. Bular elbetde käbir mysallar. Eger isleseňiz düýbünden başga senarýolara göz gezdirip bilers. Ýöne umuman alamatlaryň sizde bolup bolmadygyna göz ýetrimek üçin käbir alamatlara seredip bilers.

Bulardan birinjisi özüňi alyp barşyň alamatlary. Ýagny dowamly şekilde bir işiňizi soňa goýma häsiýetiňiz bar bolsa ýada düýbinden tersi, bir işe geregindenem kän wagt aýryp taýýarlanýan bolsaňyz, ýagny bir işi her bölegine çenli alada etýän bolsaňyz, köpçülikde çekinjeň bolsaňyz, we elmydama köp zähmet çekip, iýip-içmek we ýatmak ýaly mätäçlikleriňizi soňa goýýan bolsaňyz bular bir yşarat, alamat bolup biler.

Ýada başga käbir mysallara seredeliň. Egerde özüňizden şüphe duýýan bolsaňyz we karar almakda kynçylyk çekýän bolsaňyz bular hem bir yşarat bolup biler. Ýöne elbetde bu duýgular gelip geiçijidir, hemme kişi wagtal-wagtal muňa meňzeş duýgulary başyndan geçirip biler. Emma bu duýgulary dowamly başyňyzdan geçirýän bolsaňyz onda bu ýerde uly problemadan söz açyp bilers.

Bular bilen nädip başa çykyp bilers jemleýji hökmünde geliň hemmämiz gysgaça seredip geçeliň. Elbetde haýsydyr bir çözüm tapmak üçin ilki bilen problemany tapmagymyz we ony kabul etmegimiz gerek. Birnäçe adam bu ýagdaýy sessizje başyndan geçiýär ýada sessizje kösenýär diýsek ýeridir.

Emma meniň bir problemam bar diýp daş töwregindäkilerden, maşgalasyndan ýada bir doktordan kömek alýan adamlarda düýpgeter üýtgeşmeler görülýär. We munyň saýasynda öz kemçiliklerini kabul edip hiç zat etmeýänlere görä, bu duýgular bilen nädip başa çykmalydygyny we asla ýalňyz däldigiňizi görüp bilýärsiňiz.

Umuman jemlesek özüňizi özüňize düşündiren wagtyňyz negatiw düşünjelerden uzak duruň, we öz güýçli taraplaryňyzy görüp olary kabul ediň. Iň möhümide birinjilik bilen öz ruhy we fiziki saglygyňyzy hem unutmazlygyňyz gerek.

Wideony jemlesek

“Adamyň öz gymmatyny başkalary däl ýene özi kesgitleýär”

--

--

Tolkun

Bu ýerde “Tolkun” Youtube kanalynda paýlaşylýan wideolaryň tekstlerini tapyp bileriniňiz.