Adamyň Haýwandan Tapawudy

Tolkun
5 min readFeb 18, 2022

--

Hiç pikir etdinizmi? Adamy adam etýän zat näme? Ýada Adamy başga bir zatlardan, meselem haýwanlardan tapawutlandyrýan zat näme? Aklymyzmy? Pikirlenip bilmegimizmi? Gepläp bilmegimizmi? Daş keşbimizmi? Ýada başga birzatlarmy?

Hawa, bu örän agyr, kyn bir sorag we munyň jogaby her kim üçin üýtgeşik bolup biler, münlerçe ýyllap filozoflar, alymlar, ýazyjylar ýada başga birileri bu pikire belli bir derejede jogap berdiler.

Ýazar Antony Burgess hem, bu temany “A Clockwork Orange” atly romanynda belli bir derejede ele alýar. Eseri türkmençä “Mehanik Apelsin” diýip terjime edip bilers.

Erbet birini, erbetlik etmäne kararly birini düzeltmek, dogry ýola getirmek juda kyn, agyr bir iş. Erbet, jenaýatkär adamy birnäçe ýyl azatlykdan mahrum edeniň bilenem, türmeden çykanyndan soňra ýene şol öňkü eden işlerini täzeden gaýtalap bilýär. Täzeden jemgyýeti bozup bilýär.

Eýsem erbet birini, jemgyýete gazandyrmak üçin, has üýtgeşik usullar barlap görsek peýdasy bolarmy. Has mekir, psihologiki usullar .

Onuň erkini elinden alsak meselem. Onu erbet işler etmez, erbet kararlar almaz ýalak etsek.

Indi şeýdenimizden soňra, biz oňa “gowy adam” diýip bilersmi? Ýada has dogrusy, indi biz oňa “adam” diýip bilersmi?

Başlangyç

Ýazar Antony Burgess hem bu tema gowy degip geçýär.

Kitabyň geçýän ýeri bolan 1960 njy ýyllar Britaniýasy juda gorkunç bir ýerdir. Köçelerinde herhili jenaýat, ogurlyk, uruşlaryň bolýan we gizlin toparlar tarapyndan eýeçilik edilýän bir ýerde, biziň esasy gahrymanymyz Aleks we onuň topary hem bar.

Aleks intäk 15 ýaşly bolmasyna garamazdan topary bilen bilelikde juda elhenç işler edýärler. Baştutany Aleks bolan bu topar kanunlaryny diňlemeýär, öýleri talaýar, garrylara gün bermeýär, öýsüzleri bolsa ýençýärdiler. Emma bir gün gahrymanymyz Aleks öz toparynyň özüne garşy dildüwüşlük etmesiniň netijesinde, türmä girýär we mundan soňra hekaýanyň esasy bölegi başlaýar.

Şol wagtky hökümetden gelen resmiler indi jenaýat iş eden günäkärleri, jemgyýete gazandyrmak üçin Ludowiko diýilýän täze bir usul ulanmaga başlajaklaryny duýdurýarlar. Bu usulyň ilkinji pidasy hem Aleks bolmaly bolýar.

Aslynda usul gaty aňsat. Alekse bir ukol urýarlar we soňra bolsa onu gözlerini ekrandan aýyrmaz ýalak edip onu bir ýerik oturtýalar we oňa film görkezmäge başlaýarlar.

Bu filmler herhili erbet kadrlary özünde jemleýär. Adam öldürmek, birine jebir çekdirmek we ýadyňyza düşjek herhili erbet kadrlary görýän Aleks urulan ukolyň täsiri netijesinde bedeninde agyrylar duýup, ýüregi bulanyp bir şartlanma ýagdaýyna girip başlaýar. We hekaýa dowam etdigiçe Ludowiko usulynyň Alekse nä derejede täsir edýändigini we indi Aleksiň hiç hili erbet iş edip bilmeýänligini görýäris.

Emma indi bolsa bir ahlaky mesele bilen garşylaşýarys.

“The boy has no choice.”

Bu kitabyň ady näme üçin “ A Clockwork Orange” ýagny “Mehanik Apelsin”. Bu at bilen kitabyň temasy arasynda bir bag gurmak kynlygy sebäpli okaýjynyň aklynda bu sorag emele gelip biler.

Megerem “ Clokwork Orange” iňlis dilinde, bolup biljek iň täsin hereketleri edýän we başgalary tarapyndan gözegçilik we kontrol ediýlän manysyna gelýändir. “Kitaby ýazmaga başlanymda renki we ysy hoş ýakýan bir miwäni ýatladýan bu söz, edil düşüdirjek bolýan ýagdaýyma, Pawlowyň kanunlarynyň ulanylýan, bu hekaýa gowy gider diýip pikirlendim.” Diýýär ýazar Burgess.

Blogyň Wideo Görnüşi

Bu temada indiki belläp geçmeli zadymyz bolsa, Pawlowyň kanunlary. Kitapda Aleksiň üstünde ulanylýan Ludowiko usuly we aslynda fizýolog Iwan Pawlowyň itleriň üstünde ulanan usuly birmeňzeş. Psihologiýa “adaty şartlanma” (classical conditioning) diýip geçen bu usulda, Pawlow itleriň agzyndan suw akmagyny, agzynyň suwaryp başlamagyny analiz etmek isleýär. Meselem bir itiň, et gören wagty agzynyň suwarmagy garaşylýan bir ýagdaýdyr. Emma bu it, eti görmezden ozal özüni yzygiderli naharlaýan eýesini gören wagty agzy suwaryp başlaýan bolsa, itiň şartlanýandygyny ýagny it bilen eýesiniň arasynda baglanşyk gurýandygy görkezýär. Ýagny it her gezek eýesini görende, indi meni naharlar diýip, agzy suwaryp başlaýar.

Bu ýagdaý Pawlowyň ünsüni çekýär we käbir barlaglar bilen bu işi delillendirmek isleýär. Bir iti alýar we oňy naharlamazdan ozal bir jaň çalyp, soňra naharyny berýär. We bu işi uzak wagtlaýyn dowam edýär.

Belli bir wagt soňra itiň agzy jaň sesini eşdeninden suwaryp başlaýar. Indi itiň agzynyň suwarmagy üçin ete gerek ýok, jaň çalnyndan agzy suwaryp başlaýar.

Indi bu barlaga daşardan seredenimizde, iki tapawutly düşünje arasynda, bir jaň we etiň arasynda bir bag gurulandygyny görýäs.

Alekse gaýdyp gelenimizde, onuň hem Pawlowyň iti ýalak, bir şartlanma ýagdaýyna getirilendigini görüp bilýäris. Alekse urulan ukol onuň agyry duýmagyna, ýüreginiň bulanmagyna getirýär. Edil şol wagt hem özüne görkezilen erbet, zalym wideolardan ýaňa onuň bedeni bu iki düşünje arasynda ýagny agyry duýmak we zalymlyk, erbetlik arasynda baglanşyk gurup başlaýar.

Bir it haçanda jaň çalynanyndan, agzy suwaryp başlaýan bolsa, Aleksem bir zalymlyk, erbetlik göreneninden ýüregi bulanyp, agyry duýup başlaýar. Itdäki jaňyň we etiň ýerini Aleksde zalymlyk we agyry duýmak alýar.

Bolýar, indi Aleksde ulanylan bu bejerginiň peýdasy barmy? Hawa, daşardan seredinimizde indi Aleksiň erbetlik edip bilmejek ýagdaýa gelenini jemgyýete hiç bir zyýanyň ýokdygyny görýäs.

Eýsem indi Aleksiň içindäki erbetlikler gitdimi? Şuny aýdyp bilers, indi Aleksiň erbetlik etmeginiň öňüni alýan zat onuň bedeni, aňy däl. Aleks özünde erbet adam ýöne erbetlik edip bilmeýär.

Bejergiden soňra öňkü ýalak ýenede erbetlik etmäne synanyşýar emma, erbetlik etjek wagty bedeni oňa etdirtmeýär, ýüregi bulanyp, endamy agyryp başlaýar.

Aleksiň aňy we bedeni arasyndaky düşünşmezlik hekaýanyň çözjek bolýan we biziňem üns bermeli problemamyz.

Erk

Romanda esasan iki garaýyş bar. Olaryň biri ministr beýlekisi bolsa ruhanyň garaýyşlary. Ministr Aleksiň ýagdaýyna netije tarapyndan seredýär. Oňa görä näçe Aleksiň elinden erkini alýan bolsagam, indi Aleks ýaly adamlaryň erbetlik edip bilmez ýagdaýa gelmegi uly bir ýeňişdir we jemgyýetiň asudalygy üçinem bu işe dowam edilmelidir.

“Biziň ahlaky meseleler bilen işimiz ýok, biziň üçin iň esasy zat jenaýatçylygy azaltmak”

Ruhany bolsa bu waka başga tarapdan seredýär. Bu bejergiden soňra Aleksiň öz erkiniň elinden alynandygy sebäpli, oňa gowy ýada erbet adam diýip bilmejegemizi, bu bejergiden soňra Aleksiň indi adam bolmakdan çykandygyny aýtýar.

“Gowylyk içden gelýän, gowylyk saýlanýan bir zat.

Saýlap bilmeýän bir adam bolsa, adam bolmakdan çykandyr”

Ministr we ruhany arasyndaky düşünşmezligiň ýene bir sebäbi bolsa, ministriň Aleksi gowy bir adam hökmünde görkezmesi. Erbetligi saýlanmaýan birine, gowy adam diýip bilers. Emma erbetligi saýlap bilmeýän birine gowy adam diýip bilersmi?

Ruhana görä Aleks bu bejergide öz erkini ýitirendigi sebäpli oňa gowy ýada erbet adam diýip bilmers. Adamam diýip bilmers. Çünkü adamy adam edýän saýlap bilmesidir. Gowylyk ýada erbetligi saýlap bilmedigimiz ýagdaýda bu düşünjelerem manysyny ýitirmäne başlaýar.

Hatda ruhany bu barada şeýle zatlar aýtýar.

“Bizden gowylykmy, ýada gowylygyň saýlanmagymy islenýär? Erbetligi saýlan adam, özüne gowylyk etmegi zorlanan bir adamdan hasmy gowydyr?

Biz, erkimiz bilen, saýlap bilmek ukybymyz bilen adam. Meselem, siz hiç rehimli, akylly bir ýylan diýip eştdiňizmi ýada husyt ýada jomart bir aýy diýip. Ähli haýwanlar bir birmeňzeş, özleriçe bir häsiýetde bolýarlar. Olarda biziňki ýalak saýlap bilmek ukyplary bolmaýar. Ýaňky bellän, meselem rehimli, akylly, jomart ýa-da husyt bolmak, bular adam häsiýetleri. Bular saýlanýan zatlar. Meselem, adam saýlap, isläp Gahndi ýalak milýonlarça adamy uruşsyz, gohsyz gullukdan çykaryp bilýär. Ýada Çingiz han ýalak ýok ýerden dünýäni oda berip, ýakyp ýykyp, 40 milýon adamyň ölmegine sebäp bolup bilýär.

Bizi biz edýan, adamy adam edýan zat erkidir, saýlap bilmek ukybydyr. Adam saýlamak bilen iň beýik derejelere ýada haýwanlardanam pese düşüp bilýär.

Saýlamagyň netijesinde gowy erbetden, ak garadan, kömür almazdan aýrylýar.

--

--

Tolkun

Bu ýerde “Tolkun” Youtube kanalynda paýlaşylýan wideolaryň tekstlerini tapyp bileriniňiz.