Ýyl 2779 — Adamzadyň Soňymy?

Tolkun
5 min readMay 8, 2022

--

Bu çäksiz uly älemde adamzady düşünemizde ullakan bir okeandaky bir plankton ýaly ýer hem tutamzok. Ýagny özümiz, görnüşimiz, eden işlerimiz. Hawa gaty gowy işler etdik we edersem. Muny düşünmek belki biraz gynandyryjy gelip biler ýöne bizi bu älem bilen ele alanymyzda, deňeşdirenimizde hiç bir manysy ýok diýen ýaly. Biz kosmiki kalendara, ýagny şuwagda çenli geçen wagta seredenimizde biz düýn doglan yaly bir zat. 14 milýard ýyllyk wagtda ortaça 300 müň ýyl bäri bu töwereklerde gezip ýörs. Ýagny älemi 24 sagada sygdyrmaly bolsadyk onda biz 1 sekunt bäri ýaşap ýörs diýen ýaly.

Ýene bir belläp geçmeli zat kän bir wagtymyzam ýok. Ortaça adam durmuşy barada aýdamok. Adamzadyň, adam görnüşiniň bir gudrat bolmasa bir gün ýok bolup gitjegini we kosmiki taryha gömüljegini bilýäris.

Aslynda muň bilen baglanyşykly bir çaklamada bar. Ýagny bir hasaplama.

Professor Riçard Got 1993-nji ýylda statistiki we matematiki ýollar bilen bir hasaplama edýär we bu hasaplama görä adamzat 2779-njy ýyly gelmänkä ýer ýüzünden ýok bolar diýýär. Ýagny hemme işlerimizi bitirip, kreditlerimizi töläp, hemme goşlarymyzy ýygnamak üçin ortaça 760 ýylymyz bar.

Ýada dünýäni terk edip, başka bir älemde özümize täze bir durmuş gurmak üçin.

Elbetde bolup biläýjek bir zatdan söz açdyk. Ýöne muny anyk bir şekilde bilýän bolsadyk, soňumyzy getirjek zat näme bolardy?

Munyň öňüni alyp bilermidik?

We bizi bu soňa äkitjek basgançaklar näme bolardy? Geliň siziň bilen bilelikde bulara seredip geçeliň….

INTRO

Indi adamzady garaşýan ýagdaý we wakalar şu şekilde.

Belki öň Krisper tehnologiýasyny eşiden bolmagyňyz ahmal. Ýagny bu tehnologiýa bilen birlikde 2030-njy ýyldan başlap dogjak çagalaryň genetiki aýratynlyklaryny adamlaryň özleriniň saýlap biljekdigi düşünülýär. Ýenede 10–15 ýyldan soň dünýäniň adam sanynyň 8.5 milýardy geçmegine garaşylýar. Buda dünýäniň ekosistemasy üçin örän möhüm mesele. Karbondioksit ýada türkmençe ady bilen kömürturşy gazynyň ýokarlanmagy sebäpli howanyň üýtgemegini we global ýylamanyň has çaltlaşýandygyny göreris.

Munyň bilen bir hatarda ýeriň daşyny sputnikler bilen doldurmana synanyşan Elon Musk we beýleki kompaniýalardan ýaňa ýeriň daşy musurlardan dolup, uly bir problema ýol açyp biler. Ýagny ýeriň daşyna çykmak isleýän älem gämilerine üýtgeşik bir howp garaşýar.

Çünki häzirki meýilnamalara görä öňümizdäki ýarym asyrda aýda käbir bazalar gurulmana başlaýjak ýaly. Buda adamzadyň ýeriň daşyndaky bir asman jisiminde ilkinji sapar ýaşaýyş ýerini döretjiginiň manysyna gelýär.

2045-nji ýyla gelenimizde dünýäde ortaça gyzgynlygň 1.5 derejä çenli artmagyna garaşylýar. Bu bolsa zyýansyz limidiň üstüne çykyljagy manysyna gelýär.

Şol wagtdan soň doly gaýtadan işläp boljan çeşmelere geçsegem, biraz gijä galyp bileris we Global Ýylamanyň netijesinde ýüze çykýan betbagtçylyklar köpelip biler.

Mysal üçin artýan gyzgynlygyň netijesinde Awstraliýadaky rifleriň 90 göterimini ýitirip biljegimiz we Amazon tokaýlarynyň ýangynlar we agaç kesimleriniň netijesiniň täsiri bilen uly ýitgilere ýol açyp biljegi çaklanýar.

Ýenede munyň bilen baglanyşykly 1 milýon janly jandaryň nesli tükenip biler. Ýagny janly jandarlaryň taryhynda täze köpçülikleýin ýok bolşukdan söz açýas. Bu gezek adam eli bilen başladylan bir ýok boluş bu.

Blogyň wideo görnüşi

2056-njy ýylda dünýä ilatynyň 10 milýardy geçmegine garaşylýar. Global Ýylamanyň bolsa kontroldan çykyp bu ýyldan soňra dünýädäki ortaça gyzgynlygyň 3 milýon ýyl bäri ýetip bilmedik gyzgynlygyna ýeter diýilýär. Mundan iň kän täsirlenjek ýerler bolsa Afrika, Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary. Siller, tupanlar we gurylyk sebäpli dünýäniň käbir ýerleri indi ýaşamak üçin mümkin däl ýagdaýa geler. Takmynan 1 milýard adamyň başga ýerlere göç etmege başlar. Uly göç tolkunlary emele geler.

Elbetde tehnologiýadada öňe gidişlikler dowam etjekdir.

2080-nji ýyla gelenimizde güýji ýetenler üçin biotehnologiki agzalar satyn alyp boljak ýagdaýa geler. Adamlar biologiki manyda tehnologiýa bilen bütinleşmäge başlajakdyr. Emeli organlar we adam tarapyndan işlenip ýasalan ganlar emele geler.

Intäk adamzadyň soňuna 680 ýyl ýaly wagt galandygyna garamazdan, 2100-nji ýylda ýer tebigy manyda deňiz derejesinden 6 metre çenli beýgelmegi garaşylýar. Buda ýenede milýonlarça adamlaryň özlerine täze ýaşaýyş ýeri gözlemegi we birnäçe uly şäherleriň boşaldylmagy manysyna gelýär. Munuň üçinem ol adamlary başga ýerlere ýerleşdimek üçin gaty uly meýilnamalar gerek bolar. Ýagny trilýonlarça dollarlyk proýektlardan söz edýäris.

2180-nji ýyla gelenimizde bolsa dogum statistikalarynyň düşmegi we dünýä ilatynyň ortaça 11 milýard töwereklerinde durmagyna garaşylýar. Bu nokatdan soň adamzat ýuwaş-ýuwaşdan gün sistemasyna çenli ýaýramaga başlar we Marsy kolonizasiýa etme işleri çaltlanar. Asteroidlerde dag-magdançylyk işleri başlar.

2280-nji ýylda bolsa eger antimaddanyň tapylmagy we saklanmagy bilen baglanyşykly problema çözülen bolsa bu energiýa ynanylmaz gapylar açar. Adamzat indi gözüni güneş sistemasynyňam hem daşyna diker we adamsyz älem gämileri müňlerçe täze dünýäniň gözlegine çykar. 23-nji ýüz ýylyň soňlaryna çenli bolsa uly ähtimallyk bilen suw we atmosferasy bolan bu planetalarda mikrobiki ýaşaýşy tapars.

24-nji ýüz ýyla ýagny 2300lere gelenimizde bolsa transhumanizme geçjegimiz garaşylýar. Ýagny kinolardan hem bilşimiz ýaly adamlaryň täze görnüşleri emele geler. Super gahrymanlar ýalak garramaýan we hassalanmaýan adamlar orta çykyp biler.

Başgaça aýtsak, dünýädäki ähli energiýa çeşmelerini, hatda ähli magdanlaryň, tupanlaryň we ýer titremeleriň energiýasyny hem ulanyp biljek ýagdaýyna geler. Okeanlaryň aşagynda şäherler gurulup biler we hatda günüň hem hemme energiýasyny ulanyp biljegimiz Dyson Sferasy ýalak proýektlar orta çykyp biler.

We çaklamalaryň görkezen taryhy 2779-njy ýyla gelenimizde bolsa şu ýere çenli aýdan zatlarymyzyň netijesinde adamzat ýa isläp ýada islemän ýer ýüzünden aýrylmak mejburyýetinde galar.

Belkide kosmosda guran koloniýalarymyza göçers, ýada biýotehnologiýa we emeli organlar bilen transhuman derjesine ýeten käbir adamlar göçer. Galanlar bolsa gynansakda garaşylmadyk soň bilen garşy garşa galarlar.Ýagny garaşylyşy ýalak indi ýer ýüzündäki adamzadyň barlygynyň soňy geler. Emma indi biz başka täze görnüşler bilen başga planetalarda ýaşamgymyzy dowam hem etdirip bilers.

Biraz gynandyryjy bir senarýo. Bilýän. Ýöne içiňizi biraz hem rahatlatjak bolsa bu ýerde bularyň hemmesiniň matematiki bir hasaplamadygyny ýatladyp geçeýin.

Hawa bu aýdyp geçen hasaplamalarymyz dogry, ýöne bu zatlaryň 760 ýyl soňra boljagyny aýdanda Gotuň ulanan usyly ýagdaýlaryna seredip ertir haýsy bir komanda utar diýen ýalak. Ýagny bir ähtimallyk. Gelejegi hiç kim bilip bilmez.

Bularyň hemmesi ýönekeý gödek hasaplamalar. Käbir beýleki modellere görä adamzadyň ýenede iň azynda 10.000 ýyly bar ýalak.

Ýöne bu ähtimallyklardanam ögrenip biljegimiz birnäçe zat bar. We birnäçede sorag bar.

Meselem muny hakykatdanam bilýän bolsadyk. Diýeliň bir Asteroidiň 10 ýyl içinde ýere gaçjagyny bilen bolsadyk. Adamzadyň garşylygy nähili bolardy? 2 ähtimallyk bar. Birinji ähtimallyk anarhiýa. Hemme kişi bar işlerini taşlap gysga wagtda edip biljegi (hemme zadyny, ähli biderek işlerini) etmäne synanyşýan adamlar.

Beýlekisi bolsa bu 10 ýyl içinde hemmekişi beýleki problemalaryny bir gyra goýup bir kelle bolup bu eýligenç wakaň öňüni almana synanşar. Indi siziň pikiriňizçe? Bu ýagdaýda näme bolardy?

Ýene bir tarapdan bu hekaýada göze ilen bir zat bar. Ähli problemalaryň aşagynda dünýä nä derejede erbet zyýan berýänligimiz we çynlakaý garamaýanymyz global ýylama we ulanmakda gija galanymyz gaýtadan işläp bolýan energiýa geçme mejburyýetimiz ýatyr.

Menden soňra dünýäni sil alsyn düşünjämizden ýüz öwürmesek, bizden soňky nesillere gynansakda diňe bela-beter goýjaga meňzeýäris.

Emma ýagdaý o diýen erbedem däl. Umyt hemme wagt bar we aslynda bularyň hemmesinden esasy öwrenip biljegimiz ýekeje zat, biderek ýada gerekmejek zatlary bir gyra goýup birlikde ýaşamany öwrenmek. Ertir däl. Şu wagt. Dünýä öýümiz, we bizde onuň ýaşaýjylary. Ony goramagam biziň elimizde.

--

--

Tolkun

Bu ýerde “Tolkun” Youtube kanalynda paýlaşylýan wideolaryň tekstlerini tapyp bileriniňiz.